“Taksi Hyzmaty” Awazada elýeterli boldy
Iýul 05, 2023 | 13:30 |19465


Türkmenbaşy şäheriniň we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Taksi Hyzmatyny” ulanyp, oturan ýerlerinden taksi sargyt edip bilerler. Bu hyzmat “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenbaşy” awtokärhanasy tarapyndan ýola goýuldy.
Taksi hyzmatlary “Toyota Corolla” kysymly awtoulaglarda tejribeli sürüjiler tarapyndan amala aşyrylýar.
Oturan ýeriňde taksi sargyt etmek üçin (+993) 63 66-21-63 we (+993) 243 4-79-35 belgilerine jaň etmek ýeterlikdir. Taksi hyzmatynyň nyrhlary sargyt edilen wagta görä üýtgeýär. Has takygy, taksiniň 06:00-dan 22:00 wagt aralygynda geçen 1 kilometri üçin 1 manat 20 teňňe, 22-dan daňdan 6:00-a çenli bolsa, 1 manat 40 teňňe tölenýär.
ORIENT news








