“Apple” önümçiligini azaldar


“Apple” kompaniýasy goşmaça wirtual hakykatly “Vision Pro” atly enjamynyň 2024-nji ýylda meýilleşdiren önümçiligini ep-esli azaldar. Bu görnüşli önümiň 1 millionynyň ýerine geljek ýylda 400 müň sanysy öndüriler. Bu barada “Financial Times” habar berýär.
Beýle karara gelinmeginiň sebäbi 600 müň sanysy öndürilen şu görnüşli önümiň içinde köpsanly näsazlygyň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu näsazlyklaryň köpüsi OLED displeýleriniň ýasalyşyndaky nätakyklar bilen baglanyşykly boldy, üstesine bu enjamy düzmek kompaniýa örän kyn düşdi.
“Apple-iň” “Vision Pro” enjamlary geçen iýun aýynda köpçülige tanyşdyrylypdy. 3499 ABŞ dollary möçberinde bahalanýan enjamyň satuwyna 2024-nji ýylyň başynda başlamak göz öňünde tutulýardy.
ORIENT news








