HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň kompaniýalaryny «Eksporty öňe sürmek babatynda maslahat berme Gününe» çagyrýarlar

Iýul 04, 2023 | 11:17 |9821
Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID-iň Maksatnamasy (ТСА) we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Kiçi biznes üçin maslahat bermeler» atly Türkmenistandaky Maksatnamasy türkmen biznesiniň wekillerini «Eksporty öňe sürmek babatynda maslahat berme Gününe» çagyrýarlar.Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID-iň Maksatnamasy (ТСА) we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Kiçi biznes üçin maslahat bermeler» atly Türkmenistandaky Maksatnamasy türkmen biznesiniň wekillerini «Eksporty öňe sürmek babatynda maslahat berme Gününe» çagyrýarlar.
Çeşme: unsplash.com

Merkezi Aziýada söwda boýunça USAID-iň Maksatnamasy (ТСА) we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Kiçi biznes üçin maslahat bermeler» atly Türkmenistandaky Maksatnamasy türkmen biznesiniň wekillerini «Eksporty öňe sürmek babatynda maslahat berme Gününe» çagyrýarlar.

Çäräniň çäklerinde bilermenler Türkmenistanyň eksporta gönükdirilen kärhanalaryna marketing, brending, şahadatnamalaşdyrmaga taýýarlyk, satuwlar ulgamyny ösdürmek we umuman eksporty öňe sürmek meseleleri boýunça hünär maslahatlaryny bererler.

Duşuşygyň maksady — işe täze başlaýan we öňden işläp gelýän eksport edijilere ekspot işjeňligini gurnamak boýunça ýokary hünärli bilermenleriň maslahatlaryny almaga mümkinçilik bermekdir.

«Eksporty öňe sürmek babatynda maslahat berme Güni» 12-nji iýulda Aşgabatda «Arçabil» oteliniň banketler zalynda sagat 09:30-dan 14:00-a çenli bolar.

Çärä gatnaşmak üçin 5-nji iýula, iş gününiň ahyrynya çenli hasaba alnyş formasyny doldurmak gerek. Soňra her bir kompaniýa üçin ýüz tutmada görkezilen meseläni göz öňünde tutup, ýekebara maslahat bermeleriň rejenamasy düzüler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026