Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşar


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň düzüminde Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik ederler. Bu barada Arkalaşygyň resmi web-saýty habar berýär.
Möhletinden öň geçirilýän Özbegistandaky Prezident saýlawlary ýurduň kanunçylyk namalaryna maý aýynda girizilen üýtgeşmeleriň esasynda geçirilýär. Möhletinden öň ses bermek işi 5-nji iýula, esasy ses berilşik bolsa 9-njy iýula çenli dowam edýär.
Synçylar topary saýlawlaryň geçirilişinde ähli kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ederler.
GDA-nyň synçylar toparynyň düzüminde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we gurama agza döwletleriň parlamentara assambleýasynyň wekilleri bar.
ORIENT news








