Türkmenistanyň lukmançylyk barlaghanalary üçin reagentleriň 1,3 million dollarlyk täze tapgyry gelip gowuşdy


Bütindünýä bankynyň karzy arkly maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19- a jogap” taslamasynyň çäginde ganyň umumy derňewi üçin laborator reagentleriniň tapgyry Aşgabat şäherine gelip gowuşdy. Reagentler merkezi we sebit barlaghanalaryna paýlanar we ýurt boýunça esasy laboratoriýa hyzmatlaryny bermek ulgamyny berkitmäge ýardam eder.

Bahasy 1,3 million dollardan gowrak bolan bu amal BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldawy bilen durmuşa geçirildi. BMGÖM Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde milli saglygy goraýyş ulgamynyň geljeki kynçylyklara garşy durnuklylyk ukybyny we mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň üstünde işleýär.

Barlaghana reagentleri bilen üpjün etmek saglygy goraýyş we ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça BMGÖM-iň Türkmenistandaky taslamalarynyň bir bölegidir. Esasy barlaghana hyzmatlary dürli keselleri anyklamak we bejermek üçin zerurdyr we bu goldaw barlaghana hyzmatlarynyň Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylary, şol sanda çetki obalaryň ilaty üçin elýeterli bolmagyny üpjün eder.
ORIENT news








