HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýol

Iýun 19, 2023 | 17:46 |9638
21 –nji iýunda bütin dünýäde Halkara ýoga güni bellenip geçilýär. Bu ýyl ýoganyň 9-njy Halkara güni bolar, onuň temasy – «Wasudhaýwa Kutumbakam üçin ýoga», ýagny «Bütin dünýä – bir maşgala», bu şeýle hem Hindistanyň Uly ýigrimilikde häzirki başlyklyk etmeginiň hem temasydyr. Ýoganyň halkara gününiň başlanmagyny 2014-nji ýylyň dekabryna degişli etmek bolýar, şonda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy (BMG BA) Hindistanyň başlangyjy bilen şu mesele boýunça rezolýusiýany kabul etdi, ony agza-döwletleriň 177-si goldady, bu BMG-nyň BA-nyň tutuş taryhynda islendik rezolýusiýa üçin rekorddyr. 2023-nji ýylda ýoganyň Halkara gününde ýoga sapaklary Arktikadan Antarktika çenli geçer we bütin dünýä boýunça belli portlarda ýoganyň görkezilişleri bilen «Bütindünýä umman halkasy» dörediler.21 –nji iýunda bütin dünýäde Halkara ýoga güni bellenip geçilýär. Bu ýyl ýoganyň 9-njy Halkara güni bolar, onuň temasy – «Wasudhaýwa Kutumbakam üçin ýoga», ýagny «Bütin dünýä – bir maşgala», bu şeýle hem Hindistanyň Uly ýigrimilikde häzirki başlyklyk etmeginiň hem temasydyr. Ýoganyň halkara gününiň başlanmagyny 2014-nji ýylyň dekabryna degişli etmek bolýar, şonda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy (BMG BA) Hindistanyň başlangyjy bilen şu mesele boýunça rezolýusiýany kabul etdi, ony agza-döwletleriň 177-si goldady, bu BMG-nyň BA-nyň tutuş taryhynda islendik rezolýusiýa üçin rekorddyr. 2023-nji ýylda ýoganyň Halkara gününde ýoga sapaklary Arktikadan Antarktika çenli geçer we bütin dünýä boýunça belli portlarda ýoganyň görkezilişleri bilen «Bütindünýä umman halkasy» dörediler.
Çeşme: thailand-good.ru

21 –nji iýunda bütin dünýäde Halkara ýoga güni bellenip geçilýär. Bu ýyl ýoganyň 9-njy Halkara güni bolar, onuň temasy – «Wasudhaýwa Kutumbakam üçin ýoga», ýagny «Bütin dünýä – bir maşgala», bu şeýle hem Hindistanyň Uly ýigrimilikde häzirki başlyklyk etmeginiň hem temasydyr. Ýoganyň halkara gününiň başlanmagyny 2014-nji ýylyň dekabryna degişli etmek bolýar, şonda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy (BMG BA) Hindistanyň başlangyjy bilen şu mesele boýunça rezolýusiýany kabul etdi, ony agza-döwletleriň 177-si goldady, bu BMG-nyň BA-nyň tutuş taryhynda islendik rezolýusiýa üçin rekorddyr. 2023-nji ýylda ýoganyň Halkara gününde ýoga sapaklary Arktikadan Antarktika çenli geçer we bütin dünýä boýunça belli portlarda ýoganyň görkezilişleri bilen «Bütindünýä umman halkasy» dörediler.

Ýoga – bu Hindi derýasynyň jülgesiniň siwilizasiýasyna çykan Hindistanda dörän asyrlaryň däbidir. «Ýoga» sözi sanskrit «ýuj» kökünden gelip çykyp, «baglanyşdyrmak» ýa-da «birleşdirmek» diýen manyny aňladýar. Ýoganyň tejribe edilmegi ýekebara aňyň uniwersal aň bilen birleşigine getirýär. Ýoga – bu gönükmeleriň ulgamy ýa-da tehnikalaryň ýygyndysy bolman, durmuş ýörelgesidir. Ýoganyň tejribesiniň maksady («sadhana») ejir çekmeleriň ähli görnüşlerini ýeňip geçmekden ybaratdyr we durmuşyň ähli ugurlarynda azatlyk duýgusyny üpjün etmekden ybaratdyr. Köp ylmy barlaglarçylar ýoganyň psihosomatik bozulmalarda netijelidigini subut etdiler. Bu giň köpçüligiň içinde ony durmuş ýörelgesi bilen baglanyşykly bozulmalarda ulanmaklyga ynam döretdi.

Ýoganyň uly artykmaçlyklaryny ykrar edip, Hindistanyň hökümeti ony öňe sürmek üçin birnäçe ädimleri ätdi. Ýoganyň (aýurweda) babatynda bütin dünýäde edaralar arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylmy barlaglara we işläp düzmelere ýardam etmek üçin «AYUSH Ministrligi» ady bilen aýratyn ministrlik döredilipdi. Ýoga şahadatnama bermek boýunça geňeş ýoga boýunça hünärmenleri meýletin şahadatnamalandyrmagy geçirmek üçin döredilipdi. Bu bütin dünýädäki ýoga boýunça hünärmenleriň bilimlerinde we başarnyklarynda sinergetiki netijäni, ýokary hili we birmeňzeşligi üpjün eder.

Ikitaraplaýyn derejede Hindistan we Türkmenistan soňky 8 ýylyň dowamynda ýoga babatynda hyzmatdaşlyk edýärler. Hindistanyň hormatly premýer-ministri E.P. Narendra Modiniň 2015-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda ýoga we däp bolup gelýän lukmançylyk babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilipdi. Premýer-ministr Modi Merkezi Aziýada şunuň ýaly merkeziň ilkinjisini - «Ýoganyň we däp bolup gelýän lukmançylygyň Merkezini» – Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda açdy. Şondan bäri ýoga boýunça hindi hünärmenleri bu merkezde ýoga boýunça sapaklary hödürleýärler, şeýle hem Aşgabatdaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýoga boýunça «hasap» kurslaryny geçirýärler. Her ýylda ortaça 350-den 400 çenli adam bu merkeze gatnaýar. 2018-nji ýyldan bäri bu merkezde şeýle hem aýurweda boýunça bilermen işleýär.

Ýoganyň we däp bolup gelýän lukmançylygyň welaýat merkezlerini Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda döretmäge isleg artýar. Ilçihana Türkmenistandaky ýoga söýüjilere Hindistandan şahadatnamalary almaga mümkinçilik bermek üçin Aşgabatdaky ýoga merkezinde ýoganyň kurslaryny hödürleýär. Maksat ýogany mümkin boldugyça ýerli raýatlaryň has köp sanlysyna ýetirmekdir, şeýdibem has sagdyn jemgyýetiň gurulmagyna ýardam etmekdir.

Ýoga – durnukly saglyk, abadançylyk, parahatçylyk we sazlaşyk üçin Hindistanyň dünýä sowgadydyr. Ol adamzadyň ruhy ösüşine we maddy taýdan üstünligine hyzmat edýär. Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2015-nji ýyldan bäri ýoganyň Halkara gününi uly joşgun bilen belleýär. Bu ýyl biz Mary we Türkmenabat şäherlerinde seminarlary geçirdik, oňa ýerli ýogany söýüjileriň köp sanlysy gatnaşdy. Esasy çäre Aşgabatda 21-nji iýunda sagat 06:30-da «Bagtyýarlyk» sport toplumynda gurnalar. Men Türkmenistandaky ähli ýoga söýüjileri Halkara ýoga güni–2023 mynasybetli biziň çärämize goşulmaga çagyrýaryn. Men şeýle hem hemmeleri ýoga sapaklaryna kadaly gatnamaga çagyrýaryn, şeýle hem Aşgabatdaky ýoganyň we däp bolup gelýän lukmançylygyň Merkezinde aýurweda boýunça tölegsiz maslahatlardan peýdalanmaga çagyrýaryn.

Widhu Pithambaran Nair
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026