Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Italýan opera aýdymçysy türkmen aýdym-saz muşdaklaryna Juzeppe Werdiniň ajaýyp ariýalaryny sowgat etdi

Iýun 09, 2023 | 20:37 |11358
Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň
sahnasynda beýik Juzeppe Werdiniň opera sazy ýaňlandy. Konsert 3-nji iýunda
Italiýanyň opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelliniň we Rasul Gylyjowyň
ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda
geçirildi. Agşam meşhur italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210
ýyllygyna bagyşlandy.Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň
sahnasynda beýik Juzeppe Werdiniň opera sazy ýaňlandy. Konsert 3-nji iýunda
Italiýanyň opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelliniň we Rasul Gylyjowyň
ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda
geçirildi. Agşam meşhur italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210
ýyllygyna bagyşlandy.
Çeşme: Swetlana Kim

Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda beýik Juzeppe Werdiniň opera sazy ýaňlandy. Konsert 3-nji iýunda Italiýanyň opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelliniň we Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda geçirildi. Agşam meşhur italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygyna bagyşlandy.

Elbetde, konsertiň esasy we baş bezegi italýan opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelli boldy. Onuň ajaýyp we ýakymly owazly, belenden giň göwrümli sesi zalda oturanlary ilkinji notalardan "jadylady". Aýdymçynyň ýokary ussatlyk bilen dürli keşplere psihologiki taýdan çuňňur aralaşmagy wokal dramasy bilen birlikde, Werdiniň birkemsiz stili bilen üstünlikli sazlaşygy emele getirdi.

2.jpg

“Ykbalyň güýji” operasyndan Leonoranyň “Pace, pace mio Dio!” ariýasy tomaşaçylarda aýratyn ýakymly täsir galdyrdy. Meşhur “La Traviata” operasyndan Nury Nuryýew bilen bilelikde ýerine ýetirlen “Parigi, o cara” eseri-de diňleýjiler tarapyndan gyzgyn kabul edildi. “Bal – maskarad” operasyndan Ameliýanyň “Morro, ма prima in grazia”, “Don Karlos” operasyndan Ýelizawetanyň “Tu che la vanita” eserleri saz muşdaklary üçin Werdiniň “dramatik kantilena” stilindäki hakyky sowgat bolup, opera aýdymçysynyň inçeden çuňňur başarnygyny açyp görkezdi.

3.jpg

Sahna aýdymçynyň joşgunly hyjuwy bilen dolup, göýä bu okgunlylyk dirižýor bilen orkestre hem öz täsirini ýetirýän ýaly, netijede hemmesi bilelikde bitewi bir jadylaýjy owaza öwrülip, diňleýjileriň ýürek töründe aýratyn lezzetli duýgulary gozgady.

Şeýle-de, aýdymçylar we sazandalar tomaşaçylara Juzeppe Verdiniň meşhur "La Traviata", "Un ballo in maschera", "Don Carlos", "Rigoletto", "Il Trovatore", "Otello" operalaryndan ariýalary, duetleri we orkestr çykyşlaryny hödürlediler.

4.jpg

Konsert Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnaldy, çäre türkmen aýdym-saz söýüjilerine dünýä aýdym-saz medeniýetiniň ajaýyp eserlerinden lezzet almaga mümkinçilik berdi.

Swetlana Kim

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026