HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşular

Iýun 11, 2023 | 01:33 |14987
Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşulmagy göz öňünde tutýar.
Bu maksat bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy üçin ýol kartasyny taýýarlar,
taslamanyň işlenip taýýarlanyşy barada wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid
Meredow şenbe güni türkmen hökümetiniň mejlisinde habar berdi.Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşulmagy göz öňünde tutýar.
Bu maksat bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy üçin ýol kartasyny taýýarlar,
taslamanyň işlenip taýýarlanyşy barada wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid
Meredow şenbe güni türkmen hökümetiniň mejlisinde habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan Metan boýunça ähliumumy borçnama goşulmagy göz öňünde tutýar. Bu maksat bilen ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy üçin ýol kartasyny taýýarlar, taslamanyň işlenip taýýarlanyşy barada wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni türkmen hökümetiniň mejlisinde habar berdi.

Türkmenistan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä proseslerine jogapkärçilikli gatnaşyjy bolmak bilen, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Glazgoda geçirilen howa meseleleri boýunça forumda hödürlenen başlangyçlary we konsepsiýalary, şol sanda Metan boýunça ähliumumy borçnamany goldady.

Ylalaşygyň maksady –2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 30% çäklendirmek. Bu borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi 2050-nji ýyla çenli azyndan 0,2 gradus ýylylygyň azalmagyna getirer. Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global çärelere goşýan goşandyny güýçlendirmäge we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.

Bu barada Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi babatynda tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky teklibi hem şaýatlyk edýär.

"Ýaşyl" ykdysadyýete geçmek ýoluna düşen ýurdumyz wodorod energiýasy pudagynda hem halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär, bu ugurda hökümet derejesinde 2022-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk ýol kartasy hem kabul edildi, 2023-2024-nji ýyllar üçin ýol kartasy bolsa taýýarlanyldy.

Metan boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Raşid Meredow metanyň zyňylmagynyň öňüni almak üçin hereketleri we çäreleri bilelikde işläp düzmek üçin birnäçe okuw seminarlaryny, ylmy forumlary we bilermen simpoziumlaryny guramagy teklip etdi.

Şeýle hem, Metanyň zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň, BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň goldawy bilen degişli hünärmenleriň hukuk we ylmy-barlag ugurlarynda hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary we kurslary geçirmek teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026
Daniýa, Grenlandiýa we ABŞ Arktikada howpsuzlygy güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çeker

Daniýa, Grenlandiýa we ABŞ Arktikada howpsuzlygy güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çeker

19:00 Sentýabr 20, 2026