HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýa+Koreýa Respublikasy görnüşinde suw boýunça onlaýn forum geçirdi

Iýun 05, 2023 | 23:22 |6370
«Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw
serişdelerini dolandyrmak boýunça netijeli garaýyşlar» ady bilen
onlaýn görnüşde forum, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň
çäginde geçirildi.«Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw
serişdelerini dolandyrmak boýunça netijeli garaýyşlar» ady bilen
onlaýn görnüşde forum, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň
çäginde geçirildi.
Çeşme: orient.tm

«Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini dolandyrmak boýunça netijeli garaýyşlar» ady bilen onlaýn görnüşde forum, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde geçirilen foruma dialogyň alty ýurdynyň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda adamzat ösüşiniň ähli ugurlary bilen baglanyşykly bolan suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugur boýunça dolandyryşyň netijeliligini artdyrmak bilen bagly teklipler beýan edildi.

Maslahatda suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak, olary toplumlaýyn dolandyrmak meselesine täsirli çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda geljegi uly we degişli teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi we olary 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň iş meýilnamasyna goşmak meýilleşdirilýär.

«Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyny döretmek başlangyjy, Koreýa tarapyndan 2007-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek hem-de sebitara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen teklip edildi.

Şu ýyl Aşgabatda «Merkezi Aziýa+Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026