HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilim ministrligine «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasyndan gollanmalar gowşuryldy

Iýun 06, 2023 | 09:46 |7380
ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän (USAID) Türkmenistandaky «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» (SMICA) maksatnamasynyň wekilleri Merkezi Aziýa üçin BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi, BMG-niň terrorçylyga garşy müdirligi, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi  bilen bilelikde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň okuw materiallary Türkmenistanyň Bilim ministrligine gowşurylyş dabarasyny guradylar.ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän (USAID) Türkmenistandaky «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» (SMICA) maksatnamasynyň wekilleri Merkezi Aziýa üçin BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi, BMG-niň terrorçylyga garşy müdirligi, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi  bilen bilelikde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň okuw materiallary Türkmenistanyň Bilim ministrligine gowşurylyş dabarasyny guradylar.
Çeşme: awtoryňky

ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän (USAID) Türkmenistandaky «Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» (SMICA) maksatnamasynyň wekilleri Merkezi Aziýa üçin BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi, BMG-niň terrorçylyga garşy müdirligi, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň okuw materiallary Türkmenistanyň Bilim ministrligine gowşurylyş dabarasyny guradylar.

Çärä Bilim ministrliginiň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň wekilleri, 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň wekilleri gatnaşdylar.

Министерству образования передали пособия от проекта «Безопасная миграция в Центральной Азии»

Türkmen tarapyna berlen okuw gollanmalarynyň işlenip taýýarlanmagy şu aşakdaky ugurlar boýunça alnyp baryldy:

— guramaçylykly jenaýatçylyk, «br» — korrupsiýa garşy göreşmek, «br»— etika we dogruçyllyk, «br»— terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak, «br»— adam söwdasy, «br»— jenaýat adalatlylygy, «br»— kiberjenaýatçylyk, «br»— ýarag söwdasy.

Bu başlangyja 2021-nji ýylda badalga berlipdi.

Bilim ministrligi bilen bilelikde saýlanyp alnan okuw modullary, gollanmalar we köp sanly interaktiw we innowasion gollanmalary türkmen we rus dillerine terjime edildi.

Министерству образования передали пособия от проекта «Безопасная миграция в Центральной Азии»

Bilim beriji maksatnamalar bäş ýüz mugallym, alymlar, bilermenler, maslahatçylar tarapyndan işlenip taýýarlandy we eýýäm dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylýarlar. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň professor we mugallymlar düzümi üçin bu gollanmalary ulanmak boýunça okuwlar geçirildi.

BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň baştutany Çary Ataýew öz çykyşynda okuw modullaryna interaktiw okuwlarynyň, dürli öňdebaryjy görkezmeleriň girýändigini, olaryň korrupsiýa garşy göreşde, terrorçylyga we jenaýatçylyga garşy göreşde wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam edýändigini belledi.

Министерству образования передали пособия от проекта «Безопасная миграция в Центральной Азии»

BMG-niň terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň sebitleýin utgaşdyryjysy Karina Timşina ýokary hilli bilim meselesiniň diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem halkara derejesinde hem gowşaklygyň möhüm ugry we faktory bolup durýandygyny nygtady. Görkezilen ugurlarda habardarlylygy ýokarlandyrmak okuwçylarda goşmaça maglumat sowatlylygyny döretmäge ýardam edýär.

BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk müdirliginiň halkara bilermeni Gülnar Kudaýbergenowa okuw materiallaryny olaryň ulanylyşy boýunça gysgaça düşündirişi bilen tanyşdyrdy. Ähli modullara interaktiw stoluň üstünde oýnalýan oýunlar, şekilli filmler, komiksler we beýleki görkezme esbaplary berkidilýär. Tanyşdyryşdan soňra bilelikdäki başlangyjyň çäklerindäki indiki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Министерству образования передали пособия от проекта «Безопасная миграция в Центральной Азии»

Okuw materiallary başlangyç, orta we ýokary okuw edaralarynda okuw çärelerini geçirmek arkaly jenaýatçylygyň öňüni almaga we kanuna hormat goýmak medeniýetini döretmäge ýardam etmäge niýetlenendir.

Gollanmalar jenaýatçylyk bilen baglanyşykly iň wajyp bütindünýä meselelerini çözmek üçin ertirki liderleri terbiýelemäge gönükdirilendir, şeýle hem DÖM-nyň 16-njy maksadyna — has adalatly, parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir.

Soňra taslamanyň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde BMG-niň NJM-niň okuw modullaryny ulanyp, görkeziji sapaklary geçirmek, taýýarlyk çäreleriniň gurnalmagy, okuw modullaryny synag etmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we IIM-niň institutynyň wekillerini çekmek meýilleşdirilýär.

Министерству образования передали пособия от проекта «Безопасная миграция в Центральной Азии»

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026