Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi Hazaryň kenarynda belledi

Iýun 05, 2023 | 10:39 |11063
Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlap BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkan welaýatynda birnäçe çäreleri geçirdi.Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlap BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkan welaýatynda birnäçe çäreleri geçirdi.
Çeşme: Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan

Her ýylyň 5-nji iýunynda bellenip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlap BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkan welaýatynda birnäçe çäreleri geçirdi.

BMGÖM «Daýanç» sagaldyş merkezinde tomus kanikulynda dynç alýan çagalar üçin bilim sessiýasyny geçirdi. Çäre BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň gatnaşmagynda geçdi.

Bu ýyl Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni plastik bilen hapalanma meselesine bagyşlanandyr. Şunuň bilen baglylykda, ösüp gelýän nesliň wekilleri howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde bütindünýä tagallalarynyň çäklerinde planetanyň her bir ýaşaýjysynyň eýeläp biljek orny barada öwrendiler.

Sessiýanyň barşynda ummanlary we deňizleri goramagyň meselelerine, deňiz serişdelerinden rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi.

Hazaryň kenarynda çagalar üçin şekillendiriş sungaty we gipsden dürli figuralary ýasamak boýunça sapaklar hem guraldy.

Çäre «Türkmenistandaky durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde guraldy, ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we BMGÖM tarapyndan Bütindünýä ekologiki gaznasynyň (GEF) maliýeleşdirilmeginde ýerine ýetirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda mugallym Jemile Berdiýewanyň 70 ýaş ýubileýi bellenildi

Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda mugallym Jemile Berdiýewanyň 70 ýaş ýubileýi bellenildi

18:05 Noýabr 14, 2026
Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

Jensen Huang NVIDIA-nyň ýolbaşçy wezipesinden çekildi: kompaniýa wagtlaýyn Kolette Kress ýolbaşçylyk eder

09:05 Noýabr 13, 2026
Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

Russiýa, Ukraina we ABŞ Abu-Dabidäki gepleşikleriň ilkinji gününi tamamladylar

16:00 Noýabr 11, 2026