GDA ýurtlary Minskde ýaraglanma gözegçilik etmek pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


1-nji iýunda Minskde ýaraglanma gözegçilik, ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk meseleleri boýunça GDA agza ýurtlaryň DIM-leriň geňeşmeleri geçirildi.
Geňeşmelere Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
“Duşuşyk konstruktiw we gyzyklanma ýagdaýynda geçdi, ýaraglanma gözegçilik, ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk, kosmosda ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak, ÝHHG-niň Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlyk, Ýewropada adaty ýaraglanma gözegçiligi üçin ýaly meseleler boýunça giňişleýin pikir alşyldy” – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň ýollaryny beýan etdiler.
GDA-nyň ýaragsyzlanmak meselesi boýunça bilelikdäki geňeş toparynyň indiki mejlisiniň şu ýylyň dekabrynda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýär.
ORIENT news








