Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda 17 müňden gowrak çaga ÝUNISEF-iň çaganyň irki ösüşi maksatnamasyna girizildi

Iýun 01, 2023 | 15:07 |8197
BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi häzirki wagtda ýurtda 17 müňden gowrak çaganyň irki ösüş maksatnamasyna goşulandygyny beýan etdi, bu maýyplygyň öňüni almak we onuň derejesini peseltmek üçin ösüşdäki yza galmalary öz wagtynda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi häzirki wagtda ýurtda 17 müňden gowrak çaganyň irki ösüş maksatnamasyna goşulandygyny beýan etdi, bu maýyplygyň öňüni almak we onuň derejesini peseltmek üçin ösüşdäki yza galmalary öz wagtynda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi häzirki wagtda ýurtda 17 müňden gowrak çaganyň irki ösüş maksatnamasyna goşulandygyny beýan etdi, bu maýyplygyň öňüni almak we onuň derejesini peseltmek üçin ösüşdäki yza galmalary öz wagtynda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Bu barada ol Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Ol şeýle hem Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikdäki edilen tagallalaryň netijesinde ýurduň Merkezi Aziýada immunizasiýanyň (sanjymlaşdyrmagyň) iň ýokary derejesine ýetendigini beýan etdi. Şeýlelikde, ähli kiçijek türkmen raýatlary 14 sany sanjym bilen dolandyrylýan kesellerden goralandyr.

Faýýazi şeýle hem gan azlygyň, demir ýetmezçiliginiň, A we D ýokumlarynyň, foliý turşusynyň ýetmezçiliginiň ýaýranlygyna düşünmek üçin mikroelementler boýunça barlaglarda ÝUNISEF-iň Türkmenistany goldaýandygyny nygtady. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uzak ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026