HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri gümrük işini sanlylaşdyrmagyň dünýä tejribesi bilen tanyşdylar

Iýun 01, 2023 | 12:23 |4075
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük düzgünlerini awtomatlaşdyrmak bölüminiň hünärmenleri dolandyryşyň kompýuterleşdirilen ASYCUDA ulgamyny we «Bir penjiräni» ulanmak boýunça sebitleýin seminara gatnaşdylar.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük düzgünlerini awtomatlaşdyrmak bölüminiň hünärmenleri dolandyryşyň kompýuterleşdirilen ASYCUDA ulgamyny we «Bir penjiräni» ulanmak boýunça sebitleýin seminara gatnaşdylar.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük düzgünlerini awtomatlaşdyrmak bölüminiň hünärmenleri dolandyryşyň kompýuterleşdirilen ASYCUDA ulgamyny we «Bir penjiräni» ulanmak boýunça sebitleýin seminara gatnaşdylar.

Seminar Dubaý (BAE) şäherinde BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasy (UNCTAD) we Dubaýyň halkara ynsanperwer merkezi tarapyndan UNCTAD-yň ýokarda agzalan ulgamy ulanyjy-ýurtlaryň gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça çäreleriniň çäklerinde gurnaldy.

Okuw gümrük işini Bütindünýä gümrük guramasynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň halkara ölçeglerine laýyklykda sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça leksiýalary öz içine aldy.

ASYCUDA ulgamy UNCTAD tarapyndan Halkara gümrük guramasy bilen bilelikde döredildi. Häzirki wagtda ol dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda ulanylýar, ol gümrük deklarasiýalaryny awtomatlaşdyrylan düzgünde işlemäge mümkinçilik berýär.

Wekiliýetleriň agzalary şeýle hem ýükleri daşamak babatynda Dubaýyň tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026