HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Adam hukuklary boýunça halkara hünärmenler döwlet işgärleri üçin ýörite okuwlary işläp taýýarlaýarlar

Maý 29, 2023 | 22:24 |7600
Duşenbe güni Aşgabatda «Döwlet işgärleri üçin gender-ugry kesgitleme
boýunça ýörite okuwlary işläp taýýarlamak» atly iki günlük seminar
başlandy. Taslamanyň guramaçylary hökmünde Türkmenistan hökümeti
bilen bilelikde BMGÖM we UNFPA çykyş etdi.Duşenbe güni Aşgabatda «Döwlet işgärleri üçin gender-ugry kesgitleme
boýunça ýörite okuwlary işläp taýýarlamak» atly iki günlük seminar
başlandy. Taslamanyň guramaçylary hökmünde Türkmenistan hökümeti
bilen bilelikde BMGÖM we UNFPA çykyş etdi.
Çeşme: BMGÖM

Duşenbe güni Aşgabatda «Döwlet işgärleri üçin gender-ugry kesgitleme boýunça ýörite okuwlary işläp taýýarlamak» atly iki günlük seminar başlandy. Taslamanyň guramaçylary hökmünde Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde BMGÖM we UNFPA çykyş etdi.

1.JPG

BMGÖM, Türkmenistan hökümetiniň adam hukuklary boýunça okuw kurslaryny ösdürmekde öňden bäri hyzmatdaşy bolup gelýär. «Şuňa meňzeş okuwlar hökümetlere gender deňligini gazanmak üçin, şol sanda aýal-gyzlaryň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmagyň iň täsirli usullaryndan biri bolan gender syýasaty bilen baglanyşykly kararlary bermäge kömek edýär»,-diýip BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç öz çykyşynda aýtdy.

2.JPG

Seminaryň netijelerine görä, kurslary işläp taýýarlamak we birleşdirmek boýunça işçi topar, mundan beýläk sanlaşdyryljak we döwlet işgärleriň hökmany okuwy hökmünde kabul edilmegi üçin Türkmenistan hökümetine hödürlenjek bilim meýilnamasynyň taslamasy barada düşündirişler we teklipler berer.

Mundan başga-da, bu okuwyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasynyň we 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça milli hereket meýilnamasynyň, şeýle hem BMG-nyň 2022-2025 ýyllar üçin ösüş maksatnamasynyň gender deňliginiň strategiýasy durmuşa geçirilmegine goşant goşar.

3.JPG

Bu seminar üç ýyllyk BMGÖM-yň taslamasynyň çäginde, «Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli Hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmäge kömek bermek» taslamasynyň çäginde, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän UNFPA-nyň 2022-nji we 2023-nji ýyllar üçin «Gender deňligini ösdürmegiň ulgamynyň we mehanizmleriniň güýçlendirilmegini goldamak» iş meýilnamalarynyň çäginde gurnaldy.

Ertir seminar öz işine dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026