HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kompozitor Mammet Guseýnow Kaliningradda Ýelena Obrazsowa bagyşlanan konsertde çykyş etdi

Maý 28, 2023 | 11:55 |13394
Kompozitor we pianinoçy Mammet Guseýnow 26-njy maýda Kaliningradyň Ýe.F.
Swetlanowa adyndaky filarmoniýasynda geçirilen «Ýelena Obrazsowa bagyşlama»
gala konsertine gatnaşdy. Ol aýaly Darýa bilen bilelikde özüniň asyl
kompozisiýalaryny, şeýle hem şu ýyl tutuş saz dünýäsi tarapyndan 150 ýaşyny
belleýän Sergeý Rahmaninowyň eserlerini halka hödürledi.Kompozitor we pianinoçy Mammet Guseýnow 26-njy maýda Kaliningradyň Ýe.F.
Swetlanowa adyndaky filarmoniýasynda geçirilen «Ýelena Obrazsowa bagyşlama»
gala konsertine gatnaşdy. Ol aýaly Darýa bilen bilelikde özüniň asyl
kompozisiýalaryny, şeýle hem şu ýyl tutuş saz dünýäsi tarapyndan 150 ýaşyny
belleýän Sergeý Rahmaninowyň eserlerini halka hödürledi.
Çeşme: metbugat gullugy Kaliningrad filarmoniýasy

Kompozitor we pianinoçy Mammet Guseýnow 26-njy maýda Kaliningradyň Ýe.F. Swetlanowa adyndaky filarmoniýasynda geçirilen «Ýelena Obrazsowa bagyşlama» gala konsertine gatnaşdy. Ol aýaly Darýa bilen bilelikde özüniň asyl kompozisiýalaryny, şeýle hem şu ýyl tutuş saz dünýäsi tarapyndan 150 ýaşyny belleýän Sergeý Rahmaninowyň eserlerini halka hödürledi.

1-1.JPG

Kaliningrad jemgyýeti Mamet bilen Darýa Guseýnowyň döredijilik dueti bilen gowy tanyş. Konsert möwsüminiň başynda, 2022-2023-nji ýyllarda, geçen ýylyň sentýabr aýynda «Türkmen medeniýetiniň günleri» geçirildi we Arseniý Tarkowskiniň terjime eden Magtymguly Pyragynyň goşgularyna Guseýnowyň «Türkmen Rapsodiýasy» eseri, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy üçin möhüm waka - diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň ady boldy. Bu hakykat, türkmen-rus halklarynyň arasynda köp asyrlyk gatnaşyklaryň ösmeginde täze tapgyra öwrüldi.

2 (1).jpg

Anna güni geçirilen konsert, sesi dünýä medeniýetiniň taryhynda iň gowy mezzo- sopranonyň biri hökmünde ykrar edilen meşhur opera aýdymçysy Ýelena Obrazsowa bagyşlanýar. Onuň ýerine ýetirmeginde Karmen partiýasy henizem etalon hasaplanýar. Beýik Montserrat Kaballe onuň zehinine şeýle bir täsin galýardy welin, hatda bir gün onuň öňünde dyza-da çöküpdi.

– Kim Ýelena Obrazsowanyň haýrany däl?! Men okaýarkam onuň ýazgylarynyň köpüsini diňledim, hat-da maňa onuň romans aýdymlaryny ýerine ýetiren Moskwanyň konserwatoriýasyndaky konsertine gatnaşmak bagty hem miýesser edipdi. ХХ asyryň iň uly opera aýdymçylaryndan biriniň mirasy biziň umumy mirasymyzdyr,-diýip pianinoçy we kompozitor Mammet Guseýnow aýdýar.

3 (2).jpg

Onuň aýaly, opera aýdymçysy Darýa Guseýnowa öz ýatlamalaryny paýlaşdy:

– Men Ermitaj teatrynda bir konserte baranymda 6 ýaşymdadym. Entägem ýadymda Ýelena Wasiliýewna, gara pombarh köýnekli, «Awe Mariýa»-ny ýerine ýetiripdi. Bu çäksiz çuňňur, joşgunly çykyş şeýle bir güýçli we täsir galdyrdy welin, men awtograf almak üçin aýdymçynyň ýanyna bardym. Soňra, talyplyk ýyllarymda Ýelena Wasiliýewnanyň ussatlyk sapagyna gatnaşmak bagty miýesser edipdi. Ol maňa aýdym aýdanymda häzirem ulanýan köp gowy maslahatlary beripdi.

4 (2).jpg

Kaliningrad filarmoniýasynyň sahnasyndaky dabaraly agşamyň ahyrynda, artistlere Darwin zergärler öýi tarapyndan ýasalan özboluşly Kaliningrad ýantary bilen bezelen aýratyn ýadygärlik sowgatlary görkemesi bilen gowşuryldy.

Çeper esere, zergärler öýüniň iň oňat suratkeşleri tarapyndan çuňňur many ýerleşdirilen. Tolkun, deňziň özi ýaly gadymy nyşan bolup, durmuşyň sallançagy hasaplanýar, üstünligiň we ykrar etmegiň baky hereketiniň nyşanydyr. Şeýlelik bilen, ýerine ýetirijileriň beýik Ýelena Obrazsowanyň göreldesine eýerip, üstünlik gazanyp, ony saklap we ösdürip ýetişdirmegi üçin «tolkunyň başynda bolmagy» arzuwlary göçme manyda ýetirdi.

5-2.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026