HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aýal-gyzlar innowasiýa pikirleriniň gözleginde: Aşgabatda DigiWomen Codefest hakatony başlandy

Maý 28, 2023 | 10:57 |12934
Aşgabatda üç günlük “DigiWomen Codefest” hakatony (bäsleşik) badalga aldy, bu bäsleşik innnowasiýa tehnologiýalar babatda artykmaçlygy bolan aýal-gyzlara öz işini döretmäge itergi berýän innowasiýa ideýalaryny we tehniki ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berer.Aşgabatda üç günlük “DigiWomen Codefest” hakatony (bäsleşik) badalga aldy, bu bäsleşik innnowasiýa tehnologiýalar babatda artykmaçlygy bolan aýal-gyzlara öz işini döretmäge itergi berýän innowasiýa ideýalaryny we tehniki ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berer.
Çeşme: awtor

Aşgabatda üç günlük “DigiWomen Codefest” hakatony (bäsleşik) badalga aldy, bu bäsleşik innnowasiýa tehnologiýalar babatda artykmaçlygy bolan aýal-gyzlara öz işini döretmäge itergi berýän innowasiýa ideýalaryny we tehniki ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berer.

Hakaton 2023-nji ýylyň fewral aýynda USAID-iň Telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek boýunça taslamasy tarapyndan Amerikan burçlary, Hewlett Packard Gazagystan we Türkmenistandaky “Sanly Bilim” hususy bilim merkezi bilen bilelikde ýola goýlan DigiWomen Camp maksatnamasynyň jemleýji moduly boldy. Maksatnamanyň maksady Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin IT pudagynda hünär derejesini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri döretmekden ybarat.

1685217906478.JPEG

Bu çärä ýurduň ähli sebitlerinden we Aşgabatdan 96 adam gatnaşyp, olar 12 topara bölündi. Üç günüň dowamynda toparlar tehnologiki taslamalar bilen meşgullanarlar, innowasiýa ideýalaryny durmuşa geçirerler we sanly önümleri dörederler.

— Toparlar döredilende web işläp taýýarlama, dizaýn we ş.m. bilen baglanyşykly başarnyklary göz öňünde tutduk. Biz olaryň öňünde kesgitli mowzuklary goýduk we bu mowzuklaryň çäginde ýörite berkidilen bilermenleriň kömegi bilen bäsleşige gatnaşyjylar ýüze çykan meseläni anyklamaly – diýip, FGI taslamasynyň wekili Wepa Mälikgulyýew ORIENT-iň habarçysyna gürrüň berdi.

1685217917167-1.JPEG

Mowzuk hökmünde - kärhanalar we telekeçiler üçin çözgütler, şol sanda maliýe dolandyryşy, önümçilik amallary, sanly marketing; zenanlaryň telekeçiligini ösdürmek boýunça taslamalar; ýerli kärhanalary we maldarlary olaryň önümlerini we hyzmatlaryny mahabatlandyrmak arkaly goldamak; zenanlaryň saglygy we abadançylygy we ş.m.

Hakatonda üstünlikli çykyş edenlere halkara bazara ugrukdyrmak bilen işewürlik taslamasyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik garaşýar.

1685217862699-1.JPEG

Çärede giriş sözi bilen çykyş eden USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze web işläp taýýarlamany ösdürmegiň ähmiýetini belläp, zenan programmistler üçin halypalaryň goldawynyň möhümdigini aýtdy.

Mesele seljerilensoň, gatnaşyjylar 48 sagadyň dowamynda täze goşundyny işläp taýýarlamak üçin ony sanly çözüp başlarlar. Indiki neşirlerde ORIENT okyjylaryny hakatonyň netijeleri we ýeňijileri bilen tanyşdyrar.

Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026