HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ŞHG-nyň KHBS-niň wekilleri «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar

Maý 29, 2023 | 16:31 |7277
«Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy KHBS-niň wekilleri üçin Hytaýyň gündogaryndaky Sýansu welaýatynyň Lýanýungan şäherine media-syýahat gurady.«Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy KHBS-niň wekilleri üçin Hytaýyň gündogaryndaky Sýansu welaýatynyň Lýanýungan şäherine media-syýahat gurady.
Çeşme: globaltimes.cn

«Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy KHBS-niň wekilleri üçin Hytaýyň gündogaryndaky Sýansu welaýatynyň Lýanýungan şäherine media-syýahat gurady.

Oňa Hytaýyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we ŞHG-nyň beýleki agza-döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar.

4 günüň dowamynda olar Lýanýungandaky dokuz desga, şol sanda Lýanýunganyň nebit-himiýa senagatynyň bazasyna, ŞHG-nyň Halkara logistika desgasyna baryp gördüler.

Lýanýungan — bu kenarýaka şäheridir, bu ýerde Deňiz ýüpek ýoly täze Ýewraziýa gury ýer köprüsi bilen birleşýär, ol Ýuwaş ummanyny Atlantika ummany bilen birleşdirýän halkara geçelgesidir. Häzirki wagtda Lýanýungan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýardam edip, «Guşagyň we ýoluň» ugrundaky wajyp logistiki düzüm bolup hyzmat edýär.

Žurnalistler şeýle hem Hengrui Pharmaceuticals Co we Jiangsu Kanion Pharmaceutical Co atly Lýanýungandaky farmasewtika kärhanalaryna baryp gördüler, ol ýerde özbaşdak hereket edýän sehleriň işi, önümçilik hatarlary bilen tanyşdylar.

«Meniň bu ýerde görenlerimiň Hytaýyň farmasewtikasy baradaky meniň pikirimi köp babatda üýtgetdi. Men hytaý farmasewtika senagatynyň döwrebaplygyna we netijeliligine geň galdym» – diýip, Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň başlygy Muhammad Obidow belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026