HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň MST-nyň baştutany Ärdoganyň prezident saýlawlaryndaky ýeňşi barada habar berdi

Maý 29, 2023 | 11:35 |6659
Türkiýäniň ýokary saýlaw geňeşi ýurduň häzirki lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanandygyny ykrar etdi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.Türkiýäniň ýokary saýlaw geňeşi ýurduň häzirki lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanandygyny ykrar etdi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýäniň ýokary saýlaw geňeşi ýurduň häzirki lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanandygyny ykrar etdi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

«Ses bermek üçin ýurduň içinde we onuň çäklerinden daşardaky işlenilen býulletenleriň mukdary 99,43% deňdir. Taýyp Ärdogan sesleriň 52,14% alýar, Kemal Kylyçdaroglu — 47,86% alýar. Dalaşgärleriň arasynda häzirki pursatda aratapawut 2,253 mln sese deňdir. Hasap ulgamyna gelip gowuşmadyk ýene-de 809 müň ses bolup, eger olar bir dalaşgäre berilse-de, bu netijelere täsir edip bilmez. Şeýlelik bilen, deslapky hasaplamalara görä, Türkiýe Respublikasynyň prezidenti wezipesine Rejep Taýyp Ärdogan saýlandy» - diýip, ýurduň MST-nyň baştutany Ahmet Ýener beýan etdi.

Rejep Taýyp Ärdogan ähli saýlawçylara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. «Diňe biz ýeňmedik. Türkiýe - ýeňdi, demokratiýa - ýeňdi!» - diýip, ol aýtdy.

Ärdogan Twitterdäki özüniň mikroblogynda şeýle ýazdy: «Türkiýäniň beýik ýeňşi bilen. Türkiýäniň asyry başlansyn!».

Ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen Ärdogany eýýäm Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutladylar .

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026
Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

Starlink asmanda: SWISS uçuşlarynda mugt interneti işe girizdi

22:45 Oktýabr 01, 2026
Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

Aşgabatda pars edebiýatynyň güni mynasybetli şygyryýet agşamy we bäsleşik geçirildi

22:31 Oktýabr 01, 2026