HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: nebit-himiýa we dokma önümler ýokary islege eýe boldy

Maý 26, 2023 | 17:36 |9423
Penşenbe güni, 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna we 3,1 müň türkmen manadyna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna we 3,1 müň türkmen manadyna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Penşenbe güni, 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna we 3,1 müň türkmen manadyna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Şweýsariýadan gelen telekeçi TPP D 30 S kysymly polipropileniň 500 tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna $1 müň amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $500 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Türkiýeden gelen işewür senagat garyşyk suwuklygyň 250 tonnasyny satyn aldy. Önümiň her tonnasyna $355 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $88,7 müň amerikan dollaryndan geçdi.

Içerki bazarda ýerli telekeçi burawlama erginleri üçin betonit tozunyň 2 tonnasyny 3,1 müň TMT satyn aldy (her tonnasy 1 575 TMT-dan).

Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekili flanel matanyň 1,8 mln inedördül metrini $810 müň amerikan dollaryna satyn almak üçin geleşik baglaşdy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

23:26 Iýul 11, 2026
«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

21:00 Iýul 11, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

20:00 Iýul 11, 2026