HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý bazary Merkezi Aziýadan has köp haryt kabul edýär - HHR Söwda ministrligi

Maý 26, 2023 | 13:53 |9271
Hytaý söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryň
arasynda Merkezi Aziýadan has ýokary hilli önümleriň öz bazaryna girmegini
makullaýar diýip, penşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi beýan edendigini
Sinhua agentligi habar berýär.Hytaý söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryň
arasynda Merkezi Aziýadan has ýokary hilli önümleriň öz bazaryna girmegini
makullaýar diýip, penşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi beýan edendigini
Sinhua agentligi habar berýär.
Çeşme: www.yidaiyilu.gov.cn

Hytaý söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryň arasynda Merkezi Aziýadan has ýokary hilli önümleriň öz bazaryna girmegini makullaýar diýip, penşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrligi beýan edendigini Sinhua agentligi habar berýär.

Öz kompaniýalaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynda ammar açmaga höweslendirmek bilen Hytaý elektron söwda platformalaryny Merkezi Aziýa kärhanalary üçin açar diýip, metbugat duşuşygynda resmi wekil Şu Szýuetin beýan etdi.

Şuň aýtmagyna görä, ýurt Merkezi Aziýa bilen sanly söwdany giňelder we emeli intellekt, uly maglumatlar we 5G ýaly ösen sanly tehnologiýalary ösdürmekde tejribe paýlaşar.

Hytaý serhetara infrastruktura desgalarynyň gurluşygyny ösdürer, nebit, tebigy gaz, täze energiýa minerallary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy güýçlendirer we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň importyny giňelder diýip, Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat sekretary nygtady.

Ministrligiň soňky maglumatlary Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy, ýagny Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynda yzygiderli ösüşi görkezdi.

Ministrligiň maglumatyna görä Hytaýyň bäş ýurt bilen söwdasy 2022-nji ýylda ABŞ-nyň 70 milliard dollaryna ýetdi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýyllyk 22 göterim ösüş gazandy.

Şu, Hytaýyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigini we Türkmenistan bilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna tiz wagtda goşulmagyny goldaýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026