Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlary bileleşigiň çäginde akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýarlar
Maý 24, 2023 | 22:41 |7881


Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlary bileleşigiň çäklerinde Ýewropanyň bilim maksatnamalaryna meňzeş akademiki alyş-çalyş programmalaryny döredip bilerler. Bu barada Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň senagat we agrosenagat toplumy boýunça geňeşiniň agzasy Artak Kamalýan Moskwada geçirilen Ýewraziýa ykdysady forumynda aýtdy – diýip, Sputnik Gazagystan agentligi habar berdi.
Dürli uniwersitetlerden we ýurtlardan gelen talyplar we mugallymlar öz aralarynda tejribeleri bilen paýlaşyp bilerler. Kamalýanyň aýtmagyna görä, maksatnamanyň maksady ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny ösdürmek we tehnologiki özygtyýarlylyk üçin zerur bolan şertleri döretmekdir.
ORIENT news








