Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi sanlylaşdyrylar

Maý 24, 2023 | 16:33 |8536
TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.
Çeşme: news.myseldon.com

TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.

Taraplar şeýle hem ýurtlaryň arasynda elektron rugsadyny ulanmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite mejlisi guramak barada ylalaşdylar.

«Hem tehniki, hem hukuk nukdaýnazaryndan halkara derejesinde çözülmegi talap edýän meseleleriň bardygyny göz öňünde tutup, bu meseleleri kadalaşdyrjak halkara ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak zerurdyr. Mysal üçin, ylalaşygyň çäklerinde maglumatlaryň düzümini we olary bermegiň usulyny kesgitlemek, maglumatlary saklamak boýunça ylalaşylan karary kabul etmek, elektron sanly goly we autentifikasiýany ulanmak talap edilýär» - diýip, TRASEKA-nyň Baş sekretary Aset Asawbaýew aýtdy.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş topary TRASEKA ugry boýunça sanly geçelgä sinhron badalga bermek üçin zerur bolan çäreleri işläp düzmelidir we taraplaryň tagallalaryny halkara guramalary we hyzmatdaşlary bilen utgaşdyrmalydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026