Amazon özüniň iň uly, öndürijilikli we gymmat planşeti bilen tanyşdyrdy


Amazon amerikan kompaniýasy Amazon Fire Max 11 flagman planşetini köpçülige görkezdi, ol şu günki günde iň uly, kuwwatly we köptaraply planşetdir. Bu şeýle hem Amazonyň barmaklaryň yzyny skanirleýän ilkinji planşetidir.
Täze önüm goşmaça serişdeleri, şol sanda aýrylýan klawiaturany we duýgurlygyň 4096 derejesi bolan stilusy goldaýar.
Planşetiň 11 dýuýmlyk ekrany bar, onuň durulygy Full HD+ (2000 х 1200 piksel), alýumin korpusy, SoC MediaTek MT8788, iş ýady 4 GB we 64 GB ýa-da girizilen fleş-ýady 128 GB, hersi 8 Mp bolan iki kamerasy bar.
Gurluşyň özbaşdak işläp bilmek wagty 14 sagatdyr. Ol şeýle hem Wi Fi 6, Bluetooth 5.3 we stereodinamikany göterýär. Flagman planşetiniň ölçegleri 259,1 х 163,7 х 7,5 mm, agramy bolsa 490 gramdyr.
Amazon Fire Max 11 deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterlidir. Onuň bahasy — 230 ABŞ-nyň dollaryna deň. Täze önümiň üpjün edilmegi 2023-nji ýylyň iýun aýynda başlanar.
ORIENT habarlar








