Google startaplar üçin saglygy goraýyş babatynda EI programmasyny hödürledi


Google amerikan kompaniýasy startaplar üçin saglygy goraýyş babatynda AI for Health emeli intellektiň (EI) şahsy programmasyny hödürledi, ol bütin dünýäde lukmançylyk hyzmatynyň edilişini gowulandyrmaga niýetlenendir.
Bu başlangyç korporasiýanyň saglygy goraýyş babatynda we lukmançylykda EI-iň ylmy-barlaglaryny öňe sürmek boýunça tagallalarynyň bir bölegidir. Başlangyjyň esasy maksady saglygy goramak babatyndaky hünärmenlere lukmançylyk babatynda ylmy-barlaglary geçirmek üçin howpsuz EI-tehnologiýalaryny bermekdir.
Häzirki wagtda bu platformanyň çäklerinde emeli intellektiň modelleri döredilýär we synag edilýär, ol lukmanlaryň ýetmezçiligi ýaly bütindünýä meselesini we dünýäniň käbir ýurtlarynda keselleri anyklamak üçin häzirki zaman gurallaryna bolan çäkli elýeterligi çözmelidir.
Mundan başga-da, kompaniýa maşyn okuwynyň kömegi arkaly täze gurallary döretmeklige üns berýär, olar dünýäde lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we anyklygyny ýokarlandyrmalydyr. Ulgam lukmançylyk bilimlerini almagy, lukmançylyk bilen baglanyşykly soraglara anyk jogap bermegi we netijeleri esaslandyrmagy öwrenýär.
Google saglygy goraýyşy gowulandyrmak üçin bütin dünýä boýunça saglygy goraýyş guramalary bilen barlaglary geçirmek üçin hyzmatdaşlyk edýär.
ORIENT habarlar








