HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Demirgazyk-Günorta geçelgesini ösdürmek üçin halkara konsorsiumy döredilýär

Maý 20, 2023 | 22:30 |12809
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin ýedi ýurdyň gatnaşmagynda halkara konsorsiumy döredilýär we eýýäm onuň üçin hukuk düzümi hasaba alyndy diýip, Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin beýan etdi.Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin ýedi ýurdyň gatnaşmagynda halkara konsorsiumy döredilýär we eýýäm onuň üçin hukuk düzümi hasaba alyndy diýip, Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin beýan etdi.
Çeşme: pexels.com

Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin ýedi ýurdyň gatnaşmagynda halkara konsorsiumy döredilýär we eýýäm onuň üçin hukuk düzümi hasaba alyndy diýip, Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin beýan etdi

«Taslama hemmeler: logistika kompaniýalary, ýurtlar üçin gyzykly – olaryň ählisi pul çeker. Maliýe mehanizmi hasaplandy. Konsorsiumda ýedi tarap bolup, adamlar ulag geçelgelerine seretdiler, ugurlar tassyklandy», - diýip ol belledi

Bu geçelgäniň döredilmeginde ýük daşamagyny Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň üsti bilen ulag we demir ýol arkaly baglanyşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzindäki portlar we iki tarapynda Hazar deňzini aýlanyp geçýän demir ýollar arkaly Eýran we Hindistan bilen ulag geçelgesine birikmek meýilleşdirilýär

«Munuň ähli ýükleriň jemlenjek bir ýoly däl-de, eýsem demir we ulag ýollarynyň ulgamydygyna düşünmeli. Bir ýerde bar bolan ýollary giňeltmeli, bir ýerde – olary özara baglanyşdyrmaly bolar. Möhüm mesele arzan ýük geçirmek»

Husnulliniň aýtmagyna görä, ýük gatnawy nukdaýnazaryndan ulag geçelgesi Sues kanaly bilen deňeşdiriler we ýylda 100 million tonna ýeter. «Birinji tapgyrda, biz 15-30 million tonna bil baglaýarys»,-diýip Russiýanyň wise-premýeri aýtdy

Şeýle hem ol, konsorsiumyň çäginde taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin bank tarapyndan maliýeleşdirilmegini talap etmegi mümkin diýdi diýip, «Praým» ýazýar

Demirgazyk-Günorta HÜG boýunça konteýner daşamak 2023-nji ýylyň dört aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bäş esse artdy diýip, Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Walentin Iwanow habar berdi.

Multimodal Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek baradaky hökümetara ylalaşyga 2000-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Eýran tarapyndan gol çekildi. Soňra gatnaşyjylaryň düzümi 14-e ýetdi. Türkmenistan ylalaşyga resmi taýdan goşulmagyň işine başlady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026