HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çapar goşundysy ugratmalary ibermek we yzarlamak işini ýönekeýleşdirýär

Iýun 06, 2023 | 13:15 |28203
Çapar mobil goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar hatlary, ugratmalary we ýükleri tutuş Türkmenistanyň çäginde smartfonyň ekranyna birnäçe gezek basmak arkaly sargyt edip bilerler.Çapar mobil goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar hatlary, ugratmalary we ýükleri tutuş Türkmenistanyň çäginde smartfonyň ekranyna birnäçe gezek basmak arkaly sargyt edip bilerler.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Çapar mobil goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar hatlary, ugratmalary we ýükleri tutuş Türkmenistanyň çäginde smartfonyň ekranyna birnäçe gezek basmak arkaly sargyt edip bilerler.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň çapar hyzmaty ýurduň islendik nokadyna ibermeleriň tiz we ynamly eltilip berilmegini kepillendirýär. Hyzmatyň bahasy Çapar goşundysynda ugratmanyň eltilmeli ýeri we agramy girizilende hasaplanýar.

Şunda ibermeleri diňe başga bir ilatly nokatlara däl, eýsem şäher içinde hem eltip bolýar. Bu edil internetden azyk önümlerini we nahary öýe eltmegi sargamak ýaly amatlydyr. Howlugyp öýden ýa-da iş ýerinden çykyp gitmek gerek däl – çapary çagyrmak ýeterlik we ol ugratmalary berlen salgysa gysga wagtda eltip berer.

Çapar goşundysy hakyky wagt ölçeginde ugratmanyň ýagdaýyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ýörite trek-belginiň üsti bilen ugradyjy ugratmanyň nirede ýerleşýändigini we onuň näçe wagtdan eltiljekdigini anyk bilip bilýär.

Umuman, öz ugratmalaryny Türkmenistanyň tutuş çägi boýunça eltip bermegiň amatly we ynamly usulyny gözleýänler üçin bu diýseň gowy çözgütdir.

Tiz sargyt etmek, ynamly eltip berme we ugratmanyň ýadaýyny hakyky wagt kadasynda yzarlamak mümkinçiligi – bularyň ählisi öz wagtyny gymmatly hasaplaýan we ýokary hilli hyzmatdan peýdalanmak isleýän ulanyjylar üçin Çapar goşundysyny iň gowy saýlaw edýär.

Köp ugurly Çapar goşundysy şeýle hem dürli hyzmatlara onlaýn görnüşde bank kartynyň kömegi bilen ýa-da mobil telefonyň balansyndan tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Meselem, ýol polisiýasynyň jerimelerini töläp bolýar, internet üçin, öý telefony üçin, gazdan we suwdan peýdalanmak üçin tölegleri töläp bolýar.

Çapar goşundysyny operasion ulgamlar üçin Android we iOSýükläp alyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026