HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Awtoulag birleşmesi taksi çagyrmak üçin täze goşunda badalga berdi

Maý 15, 2023 | 10:10 |12789
Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze onlaýn-hyzmat Ynamly taksi işläp başlady – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär. Goşunda «Awtoulag kärhanalarynyň birleşmesi» AGPJ tarapyndan badalga berildi.Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze onlaýn-hyzmat Ynamly taksi işläp başlady – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär. Goşunda «Awtoulag kärhanalarynyň birleşmesi» AGPJ tarapyndan badalga berildi.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Aşgabatda taksi çagyrmak üçin täze onlaýn-hyzmat Ynamly taksi işläp başlady – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär. Goşunda «Awtoulag kärhanalarynyň birleşmesi» AGPJ tarapyndan badalga berildi.

Taksi çagyrmak üçin diňe goşundyda barylmaly ýeriň anyk salgysyny girizmek ýa-da şäheriň kartasyndaky nokady saýlamaly. Programmanyň özi GPS-iň kömegi bilen ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitleýär we sürüjä müşderiniň koordinatalaryny habar berýär.

Gezelenjiň bahasy saýlanan nyrhnama görä we ugruň uzaklygyna görä kesgitlenýär. Takmynan baha goşundyda görkeziler, gidişiň gutarnykly bahasyny ýolagçy awtomobil barmaly ýerine baransoň telefonda görüp biler.

Häzirki wagtda töleg diňe nagt görnüşde kabul edilýär. Ýöne soňlugy bilen bank kartynyň üsti bilen tölegi goşmak, şeýle hem onlaýn-tölegi goşmak meýilleşdirilýär.

Goşundyda gidişleriň taryhyny görmek bolýar we ýygy-ýygydan barýan salgylary görkezip, «halanýan nokatlaryň» sanawyny düzmek bolýar. Goşundy ýükläp almak üçin Google Play elýeterlidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026