HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB türkmen telekeçilerini Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar

Maý 15, 2023 | 14:28 |9491
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we eksport üçin jogapkär işgärleri Aşgabatda 8-nji iýundan 20-nji iýula çenli geçiriljek Eksportyň mekdebine çagyrýar.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we eksport üçin jogapkär işgärleri Aşgabatda 8-nji iýundan 20-nji iýula çenli geçiriljek Eksportyň mekdebine çagyrýar.
Çeşme: export-school.com

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny we eksport üçin jogapkär işgärleri Aşgabatda 8-nji iýundan 20-nji iýula çenli geçiriljek Eksportyň mekdebine çagyrýar.

Eksportyň mekdebi — bu Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde geçirilýän eksport işi babatynda bilimleri we başarnyklary ele almak üçin 7 seminardan ybarat okuwdyr. Intensiw maksatnama eksport babatynda tejribesi bolmadyk işe täze başlaýan eksport edijileri onuň esaslary bilen tanyşdyrar, daşary söwdada ilkinji ädimleri ätmäge kömek eder we täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga taýýarlanmaga kömek eder.

Gatnaşyjylar şeýle hem eksport bazarlaryny barlamagy öwrenerler, mümkin bolan import edijileriň ünsüni çekmek üçin saýtlaryň döredilişi barada bilerler. Sapaklar hepdede bir gezek geçiriler.

Geçen ýyl 17 türkmen kompaniýasynyň Eksportyň mekdebi maksatnamasy boýunça okuw geçendiklerini belläp geçmelidiris, bu bolsa olara eksport işjeňliginiň täze derejesine geçmäge mümkinçilik berdi.

Eksport mekdebi — Ýewropa Birleşiginiň goldaw bermeginde Türkmenistandaky Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar» Maksatnamasy tarapyndan gurnalýan taslamadyr. Seminarlary we maslahatlary işewürligiň dürli ugurlaryndaky öňdebaryjy bilermenler geçirýärler.

Eksportyň mekdebine gatnaşmak üçin 31-nji maýa çenli ýüz tutmany doldurmaly.

Jikme-jik maglumaty almak üçin telefon belgiler: (+993 12) 46-88-20; (+993 65) 72-46-53.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026