HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB-niň wekili Balkanabatdaky Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezine okuw gollanmalaryny berdi

Maý 11, 2023 | 15:14 |12332
Türkmenistandaky ÝB-niň wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubel Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli  Balkan welaýatyna amala aşyryan saparynyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkeziniň işi bilen tanyşdy we merkeze degişli gollanmalary berdi.Türkmenistandaky ÝB-niň wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubel Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli  Balkan welaýatyna amala aşyryan saparynyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkeziniň işi bilen tanyşdy we merkeze degişli gollanmalary berdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkmenistandaky ÝB-niň wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubel Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýatyna amala aşyryan saparynyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkeziniň işi bilen tanyşdy we merkeze degişli gollanmalary berdi.

Renata Wrubel tarapyndan sowgat berlen okuw materiallary ähli isleg bildirýän ýerli ýaşaýjylar üçin açyk bolan maglumatlar merkeziniň üsti bilen adam hukuklary baradaky maglumata elýeterligini giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynyň mugallymlarynyň gürrüň bermegine görä, Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezi yzygiderli tertipde işleýär we myhmanlara ýöriteleşdirilen edebiýatlara elýeterliligi üpjün edýär.

Merkez 2011-nji ýylda açyldy. Onuň işine — «Adam hukuklaryna goldaw bermekde we goramakda Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly ÝB-niň, BMGÖM-nyň we Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýetiniň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde goldaw berilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026