HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkanabatda «Näme? Nirede? Haçan?» ýaryşyny gurady

Maý 11, 2023 | 16:43 |9520
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky şahamçasynda «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport wersiýasynyň ýaryşy boldy. Ony Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubeliň deňizýaka sebitine saparynyň çäklerinde  Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guradylar.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky şahamçasynda «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport wersiýasynyň ýaryşy boldy. Ony Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubeliň deňizýaka sebitine saparynyň çäklerinde  Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guradylar.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky şahamçasynda «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport wersiýasynyň ýaryşy boldy. Ony Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubeliň deňizýaka sebitine saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guradylar.

«ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän ähli başlangyçlaryň institutlary pugtalandyrmaga we adamlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen bolmagy wajypdyr. Biz bu gün bu ýere ýaşlary, bilimi we ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary bellemek üçin ýygnandyk. Muny ýaşlar bilen etmegiň iň gowy usuly — intellektual ýaryş geçirmekdir» — diýip, Wrubel çäräniň açylyşynda belledi.

Intellektual ýaryş ýokarda ady agzalan uniwersitetiň talyp ýaşlaryny öz içine alýan bäş topary ýygnady.

Pikirlenmek üçin bir minut wagt, 10 soragdan ybarat iki tapgyr — intellektual oýunda Ýewropa Birleşiginiň döwletleri bilen baglanyşykly dürli ugurlara degişli soraglar bardy.

Ýaryşlaryň jemleri boýunça bilgirlere ýaryşy gurnaýjylaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026