HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝB-niň wekilhanasy Balkan welaýatynda sport festiwalyny geçirdi

Maý 11, 2023 | 10:39 |8651
Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkanabatda breýking, bouldering (daga çykmagyň bir görnüşi) we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sport festiwalyny gurady.Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkanabatda breýking, bouldering (daga çykmagyň bir görnüşi) we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sport festiwalyny gurady.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkanabatda breýking, bouldering (daga çykmagyň bir görnüşi) we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sport festiwalyny gurady.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubeliň Balkan welaýatyna saparynyň barşynda bolup geçdi.

Sport festiwaly breýkingiň ýetginjek janköýerleriniň çykyşlaryndan başlandy, olar çylşyrymly akrobatiki hereketleriň üsti bilen bedene erk etmegiň başarnyklaryny görkezdiler.

Ajaýyp hereketlendiriji gurşaw ýerli sport toplumynyň meýdançasynda bolup geçdi, ýetginjek tansçylar tarapyndan ýerine ýetirilen her bir element tomaşaçylary haýran galdyrmaga mejbur etdi. Hut Balkanyň breýking mekdebiniň wekilleriniň sportuň bu görnüşi boýunça ýurduň häzirki çempionlarydygyny belläp geçmelidiris, bu görnüş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň Maksatnamasyna goşuldy.

Sport festiwaly stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar bilen dowam etdi, ol dürli ýaş derejelerindäki oýunçylary ýygnady.

Dürli öwüşginli sport çäresi bouldering bilen tamamlandy, ol ýerde gatnaşyjylar ussatlyk, çydamlylyk we çalasynlyk görkezmeli boldular.

Çäräniň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylara guramaçylaryň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Balkan welaýatyna saparynyň barşynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň birinji maslahatçysy Renata Wrubel ýerli häkimlik bilen duşuşyk geçirdi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasyna baryp gördi, Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezine okuw gollanmalaryny berdi , ÝB-niň wekilhanasy tarapyndan gurnalan «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň sport wersiýasynda çykyş etdi.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026