HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistanyň SSE-da Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler

Maý 11, 2023 | 17:11 |7539
Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetdgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan bilen duşuşdy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetdgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan bilen duşuşdy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetdgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan bilen duşuşdy – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Aleksanýan Türkmenistanyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwata eýedigini we ony doly güýjünde ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ol bar bolan ätiýaçlyklary ermeni ýük awtoulaglary üçin ulanmaga çagyrdy we Türkmenistandan ýük daşaýjylaryny, göni hyzmatdaşlyk üçin işewür-hyzmatdaşlary gözlemekde türkmen tarapynyň ýardam etmegini sorady.

Türkmenistanyň ulag we logistika babatyndaky halkara başlangyçlaryny myhmana habar bermek bilen, Aýazow Aşgabatda geçen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş —2023» halkara maslahaty we sergisi barada gürrüň berdi, ol ulag we logistika babatyndaky bilermenlere häzirki zaman hakykatyny we meýillerini göz öňünde tutup, mundan beýläkki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi.

Söhbetdeşler ulag-üstaşyr babatynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşygyklaryň ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026