HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Maý 14, 2023 | 22:25 |12669
Türkmenistanda 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi.Türkmenistanda 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi.

Galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen hökümetiniň şenbe güni geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Şeýle hem, resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna daşamakda beýleki edaralaryň, şol sanda hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga ygtyýar berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026