HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýeňişli bahar - türkmen konserwatoriýasynda uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar

Maý 05, 2023 | 20:16 |12965
Ýeňiş güni 78 ýyl bäri her ýyl yzygiderli bellenip geçilýän iň şuglaly, ýyly we biraz gussaly baýramçylyklaryň biridir. “Uruş ýyllarynyň aýdymlary” konsertiniň guramaçylary paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 6-njy maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýygnanmaga we uruş ýyllarynyň aýdymlaryny we sazlaryny diňlemäge çagyrýar.Ýeňiş güni 78 ýyl bäri her ýyl yzygiderli bellenip geçilýän iň şuglaly, ýyly we biraz gussaly baýramçylyklaryň biridir. “Uruş ýyllarynyň aýdymlary” konsertiniň guramaçylary paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 6-njy maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýygnanmaga we uruş ýyllarynyň aýdymlaryny we sazlaryny diňlemäge çagyrýar.
Çeşme: foto

Ýeňiş güni 78 ýyl bäri her ýyl yzygiderli bellenip geçilýän iň şuglaly, ýyly we biraz gussaly baýramçylyklaryň biridir. “Uruş ýyllarynyň aýdymlary” konsertiniň guramaçylary paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 6-njy maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýygnanmaga we uruş ýyllarynyň aýdymlaryny we sazlaryny diňlemäge çagyrýar.

Konsertiň hormatly myhmanlarynyň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary hem bar. Isleg bildirenler öz ýany bilen "Ölmez polk" gahrymanlarynyň suratlaryny getirip bilerler, şunlukda bitewilik we buýsanç duýgusy bilen parahat durmuş üçin öz janlaryny pida eden ata-babalarymyzyň edermenligini, şöhratly ýeňişlerini we gahrymançylyklaryny hatyraladygymyz bolar.

Konsert türkmen aýdym-saz medeniýetiniň ýyldyzlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlardan ybarat bolar. Uruş ýyllarynyň sazlary diňleýjileri hyýalynda ata-babalarymyzyň ýaşlyk döwrüne aralaşdyryp, gahrymanlarça söweşen esgerleriň şol wagtlar gören zatlaryny we başdan geçiren duýgularyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer: köne şineliň ýylylygy, gara çöregiň ysy we esger şülesiniň tagamy, garymyň çygy we, elbetde, radiodan diktor Lewitanyň sesi...

Konsertiň myhmanlary walsyň owazyna tans edip, sahnada çykyş edýän artistler bilen birlikde öz söýgüli aýdymlaryna hiňlenip bilerler. Munuň üçin şenbe güni agşam TMK-niň uly zalyna gelip, baýramçylyk çykyşyna gatnaşmaly. Meşhur "Spoýemte, druzýa" aýdymynyň hemmelere tanyş we ýakymly setirleri bolsa duşuşygyň baş şygaryna öwrüler.

Konsert 18:00-da başlanýar, giriş mugt.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026