Aýnur Otuzowa we Jeýhun Babaýew ýaş pianinoçylaryň II Bütin Russiýa bäsleşiginiň ýeňijileri boldylar


«Ussatlyk ädimleri» atly ýaş pianinoçylaryň II Bütin Russiýa açyk bäsleşiginde okuwçy Aýnur Otuzowa we mugallym Jeýhun Babaýew birinji orny we laureat derejesini aldylar. Olar Sergeý Rahmaninowyň «№ 1 orkestri bilen fortepiano üçin konserti 1-nji bölüm» kompozisiýasyny hödürläp, «Mugallym-okuwçy» dalaşgärliginde ýeňiji boldular.
Kazanda 28-nji aprelden 5-nji maý aralygynda uzak aralykda geçirilen saz bäsleşigine GDA ýurtlaryndan we Russiýa sebitlerinden iň oňat sazandalar gatnaşdy. Türkmen sazandalarynyň «Gran Pri» baýragyny almagy üçin (10 nutuk) birazyrak ýetmedi. Olar 9,5 nutuk gazandylar we münberiň ilkinji basgançagyny eýeläp, häzirki wagtda Türkmenistanda sowetden soňky giňişlikde iň güýçli mekdepleriň biridigini ýene bir gezek subut etdiler.

Aýnur, RSM ýa-da «romaşka» ady bilen has meşhur Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň okuwçysy. Mugallymy Jeýhun Babaýewde 10 ýyl bäri okaýar we aýdylşy ýaly, senet ussasyndan hünär derejesini aldy. Ol hem konserwatoriýa bilen bir hatarda «romaşka»-nyň uçurymy. Jeýhun, Türkmenistanyň hormatly sungat işgäri, Kazan konserwatoriýasynyň professory Aleksandr Starikow we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow ýaly türkmen pianino mekdebiniň tanymal wekillerinde bilim aldy.
TMK diplomyny alandan soň, Jeýhun Babaýew öz okan mekdebine mugallym bolup gaýdyp geldi we 16 ýyldan gowrak wagt bäri, köpüsi halkara we milli ýaryşlaryň baýraklarynyň eýeleri bolan ýaş pianinoçylar bilen işleýär.

Mysal üçin, 16 ýaşly Aýnur Otuzowa üçin bu abraýly sazçylyk bäsleşiginde eýýäm altynjy ýeňiş. Ol ilkinji baýragyny 14 ýaşynda aldy we şondan bäri, ýaşy üçin iň kyn eserleri ýerine ýetirip, iň oňat türkmen sazandalary bilen bir sahnada çykyş edip gelýär.
Jeýhun Babaýew Orient bilen söhbetdeşlikde, näçe zehinli bolsaňyzam üstünlik asmandan gaçmaýar diýip belledi. Ýeňiş we şöhrat ullakan buzdagynyň depesi bolup, gündelik köp sagatlap işlemek, sabyr etmek we ýylsaýyn işlemek üçin ýadawsyz isleg kölegelerde galýar. Bu sazanda bolmagyň we biziň ýagdaýymyzda pianinoçy bolmagyň hem-de türkmen ýerine ýetirijilik mekdebiniň iň gowy däplerine goşant goşmagyň ýeke-täk usulydyr.
Gulýa Geldiýewa








