HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM žurnalistler üçin KHBS-de adam hukuklary meselelerini beýan etmek boýunça seminar gurady

Maý 10, 2023 | 17:38 |8547
Türkmen žurnalistleri üçin KHBS-de adam hukuklarynyň meselelerini beýan etmek boýunça onlaýn-seminar öz işine başlady. Oňa gazetleriň we žurnallaryň, telewideniýäniň, maglumat onlaýn-neşirleriň işgärleri, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik birleşmeleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar.Türkmen žurnalistleri üçin KHBS-de adam hukuklarynyň meselelerini beýan etmek boýunça onlaýn-seminar öz işine başlady. Oňa gazetleriň we žurnallaryň, telewideniýäniň, maglumat onlaýn-neşirleriň işgärleri, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik birleşmeleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar.
Çeşme: sovethr.ru

Türkmen žurnalistleri üçin KHBS-de adam hukuklarynyň meselelerini beýan etmek boýunça onlaýn-seminar öz işine başlady. Oňa gazetleriň we žurnallaryň, telewideniýäniň, maglumat onlaýn-neşirleriň işgärleri, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik birleşmeleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Iki günlük okuw oňa gatnaşyjylary adam hukuklaryny goramagyň halkara we sebitleýin ulgamlary bilen, bu ugurdaky soňky işläp düzmeler bilen tanyşdyrar. Medianyň wekillerine adam hukuklaryny giňeltmek we goramak bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesine degişli Ýörelgeler ýa-da başgaça aýdylanda —Pariž ýörelgeleri hödürleniler we žurnalistler üçin olaryň ähmiýeti düşündiriler.

Seminaryň BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliniň (Ombudsmeniň) edarasy tarapyndan hyzmatdaşlykda guralandygy üçin, aýratyn sessiýa adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylanyň edarasynyň žurnalistler bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanar, onuň çäklerinde bu ugurdan üstünlikli mysallara serediler.

Çäräniň interaktiw formaty gatnaşyjylara alnan bilimleri şol bada tejribede ulanmaga mümkinçilik berer.

Seminary Ýewropa Geňeşiniň ylmy bilermeni Stefani Lemke geçirýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026