HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Irlandiýa BMG-de hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşdylar

Maý 09, 2023 | 23:13 |8786
Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda ilçi Aksoltan Ataýewanyň
Irlandiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Fergal Miten bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda ilçi Aksoltan Ataýewanyň
Irlandiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Fergal Miten bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: un.mission.gov.tm

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda ilçi Aksoltan Ataýewanyň Irlandiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Fergal Miten bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ýagny parahatçylygy goraýyş proseslerine gatnaşmagy işjeňleşdirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we suw çeşmelerini dolandyrmak ýaly meseleler barada pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Irlandiýanyň bitarap döwletler we Bitaraplygyň dostlar toparynyň agzalary hökmünde halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy we ynamy berkitmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändiklerini bellediler – diýip, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Irlandiýa Ikinji jahan urşy döwründe bitaraplygyny yglan etdi. Ýurduň şol wagtky premýer-ministri Eýmon de Walera bu statusy ýurduň beýik kuwwatly döwletleriň oýunlarynda pyýadanyň rolunda bolmagyna mümkinçilik bermezlik üçin diýip esaslandyrdy.

Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş üçin bitaraplygyň dostlar topary 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň ýanynda halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak üçin bitaraplyk institutynyň ulanylyşyny giňeltmek maksady bilen döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026