HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen paýtagtynda "Baky polkuň" ýörişi geçirildi

Maý 09, 2023 | 22:50 |10844
9-njy maý, sişenbe güni Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus
mekdebiň çäginde «Baky polkuň» ýörişi geçirildi. Geçirilmegi däbe
öwrülen bu çärä 1 200 adam gatnaşdy. Mekdebiň mugallymlary we
okuwçylary Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarynyň, eneleriniň,
mama-babalarynyň we beýleki garyndaşlarynyň portretleri bilen
mekdebiň daşynda ýöriş guradylar.9-njy maý, sişenbe güni Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus
mekdebiň çäginde «Baky polkuň» ýörişi geçirildi. Geçirilmegi däbe
öwrülen bu çärä 1 200 adam gatnaşdy. Mekdebiň mugallymlary we
okuwçylary Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarynyň, eneleriniň,
mama-babalarynyň we beýleki garyndaşlarynyň portretleri bilen
mekdebiň daşynda ýöriş guradylar.
Çeşme: orient.tm

9-njy maý, sişenbe güni Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiň çäginde «Baky polkuň» ýörişi geçirildi. Geçirilmegi däbe öwrülen bu çärä 1 200 adam gatnaşdy. Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atalarynyň, eneleriniň, mama-babalarynyň we beýleki garyndaşlarynyň portretleri bilen mekdebiň daşynda ýöriş guradylar.

20230509_073754 Подрезка-2.jpg

Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Çäräniň öňýanynda geçirilen mitingde Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň geňeşçisi ýygnananlary Ýeňiş güni bilen gutlady. Ol Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzda faşizmi ýeňen ata-babalarymyzyň umumy edermenliginiň taryhynyň hatyralanýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

GFUtVrqCgmCOcaoxmPORVpQvsbf-1.jpg

Taryhçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandan 70 müňden gowrak esger ordenler we medallar bilen sylaglandy, olaryň 104-sine Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen hormatly at dakyldy, 15 adam bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýesi boldy. Tylda galan watandaşlarymyz bolsa Goranmak gaznasyna 170 million rubl nagt tabşyrdylar. Türkmen zenanlary 7 ýarym tonna golaý altyn-kümüş şaý- seplerini ýeňşiň hatyrasyna bagş etdiler. Bu bolsa tutuş Soýuz boýunça toplanan gymmat bahaly metallaryň 80%-ini emele getirdi. Ene- mamalarymyzyň tabşyran şaý-seplerinden tank kolonnalarynyň 5-si we söweş uçarlarynyň 7 eskadrony guruldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026