HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň diller uniwersiteti Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalara gyzyklanma bildirýär

Maý 10, 2023 | 11:45 |10009
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň häzirki zaman dilleriň Milli uniwersitetiniň (NUML) rektory  Muhammad Jafar bilen duşuşdy hem-de onuň bilen bilim pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy.Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň häzirki zaman dilleriň Milli uniwersitetiniň (NUML) rektory  Muhammad Jafar bilen duşuşdy hem-de onuň bilen bilim pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň häzirki zaman dilleriň Milli uniwersitetiniň (NUML) rektory Muhammad Jafar bilen duşuşdy hem-de onuň bilen bilim pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we bilelikdäki çäreleri we taslamalary guramagy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen diplomatynyň aýtmagyna görä, şeýle çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmaga kömek eder.

Söhbetdeşligiň çäklerinde täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boldy, onuň taslamasy Pakistanyň ýokary okuw mekdebiniň baştutanyna täsir etdi. Öz gezeginde, NUML-yň rektory TAPI we TAP taslamalaryny ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi.

Söhbedeşligiň jemleri boýunça taraplar ylym we bilim ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygyny nygtadylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026