HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: polipropilen we esasy ýaglaryň dürli görnüşleri ýokary islege eýe boldular

Maý 09, 2023 | 17:29 |8254
Duşenbe güni, 8-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 8-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Duşenbe güni, 8-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan we Owganystandan gelen telekeçiler TPP D 30 S kysymly polipropileniň jemi 13 müň tonnasyny satyn aldylar, şunda önümiň her tonnasyna $1 müň amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $13 mln amerikan dollaryna deň boldy.

Özbegistandan gelen telekeçi SN-350 kysymly esasy ýagyň 300 tonnasyny $294 müň amerikan dollaryna satyn aldy (her tonnasyna $980 amerikan dollary baha berildi). Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili SN-180 esasy ýagyň 3 müň tonnasyny $2,9 mln amerikan dollaryna (her tonnasyna $970 amerikan dollary baha berip) satyn aldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026