HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda möhletinden öň prezident saýlawlary geçiriler

Maý 08, 2023 | 17:33 |7836
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet baştutanynyň wagtyndan öňki saýlawlaryny geçirmek hakynda karara gol çekdi.Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet baştutanynyň wagtyndan öňki saýlawlaryny geçirmek hakynda karara gol çekdi.
Çeşme: prezident.uz

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet baştutanynyň wagtyndan öňki saýlawlaryny geçirmek hakynda karara gol çekdi.

Ozal duşenbe güni Mirziýoýew döwlet baştutanyna wagtyndan öň geçirilýän prezident saýlawlaryny yglan etmäge mümkinçilik berýän konstitusion kanuna gol çekdi. Bu döwlet baştutanynyň ygtyýarlyk möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmagy göz öňünde tutýan konstitusiýa üýtgetmeler girizilenden soňra ilkinji prezident saýlawlary bolar.

Konstitusion kanuna laýyklykda, wezipesini ikinji möhlete eýeleýän häzirki prezident Şawkat Mirziýoýew, bu wezipä ýene-de dalaşgärlik edip biler.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistanda möhletinden öň prezident saýlawlary 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçiriler. Özbegistanyň prezidenti bu babatda hemdegişli kanuna gol çekdi.

«Özbegistan Respublikasynyň prezidenti tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň prezidentiniň möhletden öňki saýlawlary bellenende, saýlawlar şu kodekse doly laýyklykda iki aýyň dowamynda geçirilmelidir» - diýlip, kanunyň tekstinde aýdylýar.

Ozal Özbegistanda prezidentiň möhletinden öňki saýlawlaryny geçirmäge diňe ýurduň hereket edýän baştutany üç aýyň dowamynda öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda rugsat berilýärdi.

Prezident bu saýlawlaryň kanuna doly laýyklykda geçiriljekdigine, açyk we aýdyň ýagdaýda geçjekdigine, partiýalaryň we prezidentlige dalaşgärleriň ýurduň parahatçylygyna we gülläp ösmegine we halkyň abadançylygyna hyzmat etjek täze pikirleri we başlangyçlary öňe sürjekdiklerine ynam bildirdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026