HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçysy Aziýanyň çempionaty 2023-de kümüş medal gazandy

Maý 08, 2023 | 09:39 |13495
Türkmen ştangaçysy Medine Ataýewa Çindžuda (Koreýa Respublikasy) dowam edýän Aziýanyň çempionaty-2023-iň üçünji gününde kümüş medal gazandy.Türkmen ştangaçysy Medine Ataýewa Çindžuda (Koreýa Respublikasy) dowam edýän Aziýanyň çempionaty-2023-iň üçünji gününde kümüş medal gazandy.
Çeşme: Türkmenistanyň agyr atletika Federasiýasy tarapyndan berildi

Türkmen ştangaçysy Medine Ataýewa Çindžuda (Koreýa Respublikasy) dowam edýän Aziýanyň çempionaty-2023-iň üçünji gününde kümüş medal gazandy.

On ýedi ýaşly agyr atletikaçy 64 kg agram derejesinde çykyş edip, ýaryşyň wise-çempiony boldy. Ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça Amanowa — 207 kg (90+117) netije görkezdi, birinji ýeri Mongoliýadan Ganzorigiýn Anuujine eýeledi, onuň göteren jemi agramy 211 kg (93+118) deň boldy. Üçünji ýere Eýranyň wekili mynasyp boldy — 194 kg (85+109).

Bir gün ozal türkmen türgeni Bunýad Raşidow 67 kg çenli agram derejesinde silterläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy .

5-nji maýda başlanan agyr atletika boýunça çempionat dünýäniň 37 ýurdundan 400-e golaý türgeni ýygnady. Türkmen tarapyna ýaryşda 16 agyr atletikaçynyň (9 erkek we 7 zenan) wekilçilik edýändigini belläp geçmelidiris.

Yklymlaýyn birinjilik Olimpiýa Oýunlary — 2024-iň öňüsyrasynda saýlama ýaryşy bolup, ol 13-nji maýda tamamlanýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026