HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we täjik kompaniýalary, takmynan 11 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

Maý 08, 2023 | 23:30 |26376
8-nji maý, duşenbe güni Duşanbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürlik
forumynyň netijesi boýunça 23 resminama gol çekildi.8-nji maý, duşenbe güni Duşanbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürlik
forumynyň netijesi boýunça 23 resminama gol çekildi.
Çeşme: orient.tm

8-nji maý, duşenbe güni Duşanbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürlik forumynyň netijesi boýunça 23 resminama gol çekildi.

Bulardan dokuzysy anyk bahaly işewür geleşiklerdir. Hususan-da, “Hazar logistika” hojalyk jemgyýeti we Täjigistanyň Ulag ministrligi logistika hyzmatlaryny bermek barada ulalaşyk baglaşdylar.

1.jpg

"Bagdan”, “Hasar” we “Altyn Ýunus” HK (konditer önümleri), “Polat Dokma we Söwda” HK (polipropilen sapaklar), “Mizemez gadam” HK (izogam önümler), “Ak bulut” HJ (gurluşyk materiallary) ýaly türkmen kompaniýalary öz önümlerini täjigistanly hyzmatdaşlaryna eksport etmek barada ylalaşdylar.

2.jpg

Umuman alanyňda, geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 780 müň dollaryndan gowrak boldy, şolardan 500 müňi metal we emal önümlerini Türkmenistana import etmek üçin bir şertnama, galanlary harytlaryň we hyzmatlaryň eksporty üçin baglaşylan şertnamalardyr.

Türkmen we täjik kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň ýene 14-si häzirlikçe diňe ýeňil we azyk senagaty, syýahatçylyk we ş.m. ugurlarda täjirçilik hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär.

3.jpg

Işewürlik forumyndan başga-da, Duşanbe şäherinde işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Çäräniň çäginde döwlet edaralarynyň we Türkmenistan bilen Täjigistanyň hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar tapgyry geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026