HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahandaky türkmen konsuly «Baky şöhrat oduna» gül desselerini goýdy

Maý 06, 2023 | 12:22 |9061
Türkmenistanyň Russiýanyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gölliýew Doganlyk bagynda ýerleşýän «Baky şöhrat oduna» gül goýmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, türkmen konsullygy habar berýär.Türkmenistanyň Russiýanyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gölliýew Doganlyk bagynda ýerleşýän «Baky şöhrat oduna» gül goýmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, türkmen konsullygy habar berýär.
Çeşme: @tmconsulateastrakhan

Türkmenistanyň Russiýanyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gölliýew Doganlyk bagynda ýerleşýän «Baky şöhrat oduna» gül goýmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, türkmen konsullygy habar berýär.

«Biz öz geçmişimizi ýatda saklamaly we öz umumy taryhymyzy bilmeli. Baýram mynasybetli Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylaryna arassa asman we rahat maşgala ojagyny arzuw edýärin!» – diýip, Gölliýew beýan etdi.

Ol şeýle hem Sowet Soýuzynyň halklarynyň Beýik Ýeňşe goşan goşandyny belledi. Şeýlelikde, 104 türkmenistanla Sowet Soýuzynyň gahrymany ady berildi, 15 türkmenistanly Şöhrat ordeniniň doly kawalerleri boldular we 130 müňden gowrak adam dürli ordenlere we medallara mynasyp boldular.

Gül goýmak dabarasyna şeýle hem Eýranyň, Gazagystanyň diplomatik wekilhanalary, Russiýanyň DIM-niň wekilleri we Astrahan oblastynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026