HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saudia Group uçar kompaniýasy 2023-nji ýylda hajy amala aşyrýanlar üçin 1,2 mln ýer bölüp berer

Maý 06, 2023 | 10:38 |7212
Ýakyn Gündogardaky öňdebaryjy uçar topary bolan Saudia Group 2023-nji ýylda hajy amala aşyrýan zyýaratçylar üçin 1,2 mln ýer bölüp bermek meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi.Ýakyn Gündogardaky öňdebaryjy uçar topary bolan Saudia Group 2023-nji ýylda hajy amala aşyrýan zyýaratçylar üçin 1,2 mln ýer bölüp bermek meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi.
Çeşme: arabianbusiness.com

Ýakyn Gündogardaky öňdebaryjy uçar topary bolan Saudia Group 2023-nji ýylda hajy amala aşyrýan zyýaratçylar üçin 1,2 mln ýer bölüp bermek meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi.

Saudia Group kompaniýasynyň düzümine girýän Saudi Airlines, Flyadeal we Saudi Private Aviation bütin dünýäden haja gidýänlere hyzmat etmek bilen, olary Patyşalygyň Jidda, Er-Riýad, Dammam, Medine, Taif we Ýanbu ýaly şäherleriniň alty sany howa menziline elterler.

Toplumlaýyn meýilnama 164 uçardan ybarat häzirki parky we oňa goşmaça 12 uçary ulanmaklygy öz içine alýar.

«Biziň toplan uly tejriämiz, başarnykly işgärlerimiz we päsgelçiliksiz uçuşlary kepillendirýän iň kämil tehniki hyzmatlary hödürlemäge ymtylyşlarymyz bilen, Saudia Group hajyň täze meýilnamasyny ýerine ýetirmäge taýýardyr» - diýip, Saudia Group kompaniýasynyň haj we umra boýunça bäş hünärmeni Amer Alhuşaýl aýtdyhem-de kompaniýanyň meýilnamasynyň şazada Abdulaziz bin Saud Naif bin Abdulaziz tarapyndan baştutanlyk edilýän haj boýunça Ýokary komitetiň görkezmelerine gabat gelýändigini we munuň Saud Arabystanyň Haj we umra ministrligi tarapyndan işlenip düzülendigini sözüniň üstüne goşdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026