HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ýurtlary futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň geçirilmegi üçin bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrarlar

Maý 05, 2023 | 10:22 |7506
Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň prezidenti Rustam Emomali Duşenbede CAFA-nyň 8-nji kongresinde eden çykyşynda 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmäge bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrmaga taýýardygyny bildirdi – diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň prezidenti Rustam Emomali Duşenbede CAFA-nyň 8-nji kongresinde eden çykyşynda 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmäge bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrmaga taýýardygyny bildirdi – diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: Merkezi-Aziýa futbol birleşmesi

Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň prezidenti Rustam Emomali Duşenbede CAFA-nyň 8-nji kongresinde eden çykyşynda 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmäge bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrmaga taýýardygyny bildirdi – diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Biziň Merkezi Aziýa sebitimiz taryhda hiç mahal Aziýanyň Kubogynyň final bölegini kabul etmändi. Wagty geldimikä diýip pikir edýärin. Biziň sebitimize güýçli ýygyndylar wekilçilik edýärler. Doganlyk ýurtlar bilen biziň Aziýanyň birinjiliginiň final bölegini ýokary derejede geçirjekdigimize ynanýaryn. Biz 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Merkezi Aziýada Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmek üçin bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrarys» - diýip, Rustam Emomali belledi.

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibragim Al-Halifa CAFA-nyň kongresindу çykyş уеьул ишдут, CAFA-nyň ýolbaşçysy Rustami Emomaliniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özlerinde Aziýanyň Kubogynyň final bölegini kabul etmek üçin bilelikde ýüz tutma tabşyrmak baradaky başlangyjyny goldady hem-de bu sebitiň milli ýygyndylarynyň arasynda Aziýanyň birinjiligini kabul etmäge mynasypdygyny aýtdy.

Aziýanyň Kubogy — bu Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) ýolbaşçylygynda geçirilýän Aziýanyň futbol boýunça milli ýygyndylarynyň esasy ýaryşydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026