HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arap ADNOC kompaniýasy Türkmenistanyň global energiýa krizisine täsir edip biljekdigine ynanýar

Aprel 26, 2023 | 15:01 |7065
Dogry ulanylanda tebigy gaz ykdysadyýeti baýlaşdyrýar we ähli jemgyýetlere, durnukly ösüşe peýdalydyr. ADNOC International kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Muhammet Al Arýani Dubaýda Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň umumy mejlisindäki çykyşyny şu sözler bilen başlady.Dogry ulanylanda tebigy gaz ykdysadyýeti baýlaşdyrýar we ähli jemgyýetlere, durnukly ösüşe peýdalydyr. ADNOC International kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Muhammet Al Arýani Dubaýda Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň umumy mejlisindäki çykyşyny şu sözler bilen başlady.
Çeşme: orient.tm

Dogry ulanylanda tebigy gaz ykdysadyýeti baýlaşdyrýar we ähli jemgyýetlere, durnukly ösüşe peýdalydyr. ADNOC International kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Muhammet Al Arýani Dubaýda Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň umumy mejlisindäki çykyşyny şu sözler bilen başlady.

Çykyş edijiniň sözlerine görä, Türkmenistan global energiýa krizisiniň meselelerini çözmekde we netijeleriniň täsirini azaltmakda birnäçe sebäpler boýunça möhüm rol oýnar: ol tebigy baýlyklara baý we strategiki taýdan günbatar bilen gündogaryň çatrygynda diýseň amatly ýerleşendir.

1682498581799.JPEG

Al Arýani: "Bu şertler beýleki ýurtlarda-da bar, ýöne Türkmenistanyň bu ýerde özboluşlylygynyň sebäbi, ol hyzmatdaşlygyň üsti bilen çeşme potensialyny durnukly ösdürmek üçin täze maýa goýujylary çekmekde işjeňlik görkezýär - diýdi.

Diňe hyzmatdaşlary özüňe çekmek bilen çäklenmän, hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasyny ýitirmezligi we maýa goýumlaryny dowam etdirmegi üçin zerur maýa goýum şertlerini döretmek möhümdir.

Munuň üçin üç sany esasy düzgün bar: aç-açanlygy üpjün etmek, çalt we netijeli çözgüt çykarmak we stoluň başynda oturanlaryň hemmesi üçin bähbitli bolar ýaly zerur söwda şertleri babatda ylalaşmak gerek.

− Türkmenistanyň ýolbaşçylary diňe şeýle şertleri döretmäge çemeleşýärler we biz BAE-de, ADNOC-da Türkmenistanyň energiýa krizisini çözmekde esasy rol oýnajakdygyna we möhüm goşant goşjakdygyna şübhelenmeýäris – diýip, Arýani sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026