Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DÝHG: Demir ýol ýurtlary durnukly, parahatçylykly we özara bähbitli ulag aragatnaşyklaryny döretmäge ymtylmakda birleşdirýär

Maý 03, 2023 | 17:35 |7640
Şu gün Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň meýdançasynda işjeň agzalaryň biridir. Ýurduň DÝHG-nyň halkara aragatnaşyklaryndaky konteýner otlylaryndaky konteýner daşamalary boýunça ylalaşygyna birigenden soňra ýagdaýlar has-da pugtalandy – diýip, Miroslaw Antonowiç – Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň Komitetiniň başlygy (DÝHG) «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023)  maslahatyna özüniň şekilli ýüzlenmesinde aýtdy. Forum Aşgabatda 3-nji maýda işe başlady.Şu gün Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň meýdançasynda işjeň agzalaryň biridir. Ýurduň DÝHG-nyň halkara aragatnaşyklaryndaky konteýner otlylaryndaky konteýner daşamalary boýunça ylalaşygyna birigenden soňra ýagdaýlar has-da pugtalandy – diýip, Miroslaw Antonowiç – Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň Komitetiniň başlygy (DÝHG) «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023)  maslahatyna özüniň şekilli ýüzlenmesinde aýtdy. Forum Aşgabatda 3-nji maýda işe başlady.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Şu gün Türkmenistan Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň meýdançasynda işjeň agzalaryň biridir. Ýurduň DÝHG-nyň halkara aragatnaşyklaryndaky konteýner otlylaryndaky konteýner daşamalary boýunça ylalaşygyna birigenden soňra ýagdaýlar has-da pugtalandy – diýip, Miroslaw Antonowiç – Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň Komitetiniň başlygy (DÝHG) «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» (ITTC-2023) maslahatyna özüniň şekilli ýüzlenmesinde aýtdy. Forum Aşgabatda 3-nji maýda işe başlady.

Bu ylalaşygyň çäklerindäki işler halkara ulag geçelgeleriniň işlemegini anyklamaga, konteýner daşamalarynyň möçberini artdyrmaga, bäsleşige ukyply baha syýasatynyň geçirilmegine we amatly logistikanyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistan üçin, şeýle hem ylalaşygyň ähli agzalary üçin bähbitli bolar we DÝHG-nyň ähli agza-ýurtlary bilen tejribe alyşmaga we peýdaly innowasion çözgütleri alyşmaga mümkinçilik berer –diýip, Antonowiç belledi.

Guramanyň agza-ýurtlary türkmen bilermenleriniň gatnaşmagynda şu günki günde gury ýer ugurlary boýunça we suwly uçastoklar boýunça ýük daşamalar amala aşyrylanda ulanyp boljak ýeke-täk demir ýol üsthaty (ulag resminamasy) SMGS-nyň üstünde işleýärler. Şeýle hem bu üsthata goşmaça funksiýalary bermek – harydy ýerleşdiriji resminama, ol bolsa kontr-agentlere öz önümlerini dürli ýurtlaryň bazarlaryna üpjün etmäge degişli karar kabul etmäge mümkinçilik berer we banklar tarapyndan halkara ulag daşamalarynyň maliýeleşdirme prosessini ýeňilleşdirer.

Demir ýol ulagy babatynda hyzmatdaşlygyň netijeli guraly, şeýle hem halkara daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy, daşama prosessine gatnaşyjylaryň arasynda maglumat alyşmak boýunça mehanizmleriň we gurallaryň ösdürilmegi diýip, DÝHG-nyň başlygy dowam etdi. Häzirki wagtda guramanyň çäklerinde we hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda SMGS elektron üsthaty we SIMSMGS elektron üsthaty işlenip düzüldi, olar hakykylygy tassykladylar. Resminama halkara daşamalarynda demir ýol hukugy SMGS we GOT ulgamlarynyň arasynda has ýörgünli bolýar.

Halkara demir ýol daşamalarynda gümrük taýdan resmileşdirmekligi düzgünleşdirmek üçin BMG-niň ESKATO bilen billeikde maglumatlaryň elektron alşygy mümkinçilikleri boýunça resminama işlenip düzüldi we neşir edildi – onuň ornaşdyrylmagy bonus getirýär – diýip, Miroslaw Antonowiç nygtady.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026