«Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasy» taslamasynyň çäklerinde ÝB-niň we MA-nyň özara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy


«Öňüni alyş diplomatiýasynyň Akademiýasy» taslamasynyň çäklerinde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezinde Aşgabatda «Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýa sebiti bilen özara hyzmatdaşlygy» atly okuw geçirildi.
Ýewropa Birleşiginiň wekilleri Akademiýanyň gatnaşyjylaryna ÝB-niň gurluşyny, Birleşik bilen özara hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary, onuň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem dürli pudaklary gurşap alýan ýerine ýetirilýän taslamalary görkezdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi, hususan-da, ÝB-niň Merkezi Aziýadaky strategiýasyna okuwa gatnaşanlaryň ünsi çekildi. Resminama ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyn ýyllardaky özara gatnaşygy üçin täze syýasy esasy döredýär. Strategiýa Merkezi Aziýada durnuklylygy, gülläp ösmegi we sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
ORIENT habarlar








